Ýer ýüzüniň täsin tebigy ýerleri sanardan juda kän. Şeýle ajaýyp ýerleriň biri-de Awstraliýanyň Kwinslend welaýatyndaky Deýntri milli seýilgähidir. Bu seýilgäh özüniň örän owadan, ýaşy takmynan 110 million ýyla barabar bolan tropiki tokaýy bilen görenleri haýrana goýýar. Ýerleşýän şäheri bilen adybir seýilgäh britan geology Rikard Deýntriniň hormatyna dakylypdyr. Deýntri milli seýilgähi owadan ýaşyl öwüşginli tokaý agaçlaryny, janly tebigatyň arassa howasyny we dury suwlaryny özünde jemlemek bilen syýahatçylarda ägirt uly täsir galdyrýar. Tropiki tokaýyň içinden kesip geçýän gara ýol bu ýerde ekosyýahatçylygy guramaga mümkinçilik döredýär. Bu tropiki tokaýyň tutýan meýdany 1200 inedördül kilometr bolup, onuň içinden Mossmen, Blumfild we Deýntri derýalary akyp geçýär. Deýntri derýasy seýilgähiň esasy ýüregi hasaplanylýar.

Milli seýilgähiň meýdany Awstraliýanyň tutýan meýdanynyň bary-ýogy 0,2%-ni eýeleýän hem bolsa, kontinentiň ähli ýerinde duş gelýän süýrenijileriň, hortumly jandarlaryň we gurbagalaryň üçden bir bölegi şu ýerde ýaşaýar. Bu ýerde tokaý ösümlikleriň we haýwanlaryň seýrek duş gelýän we ýitmek howpy abanýan görnüşleriniň birnäçesi ýaşaýar. Bu ýerde mör-möjekleriň 12 müň görnüşi, ýaşyl reňkli ýagty reňkli gurbagalar, kazuar, düýeguş, miwe kepderisi we beýleki täsin guşlar, kengurular, hortumly pişikler, hortumly alakalar, agaçlarda ösýän köpsanly şöhlelenýän kömelekler gabat gelýär. Deýntri milli seýilgähi diňe bir ajaýyp ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen däl, eýsem, täsin geografik obýektleri bilen hem meşhurdyr. Seýilgähiň günorta böleginde ýerleşýän Mossman gowagy, dünýä belli bolan “bökýän daşlar” hemmeleriň ünsüni özüne çekýär. Milli seýilgäh öz çägindäki owadan şaglawuklary bilen hem meşhurlyk gazanýar. Bu ýerde atly, welosipedli, gaýykly, pyýada hem-de awtoulagda gezelenç etmek bolýar.

Deýntri tropiki tokaýy 1981-nji ýylda “milli seýilgäh” diýlip yglan edilýär. 1988-nji ýylda ol ekologik we biologik hadysalaryň yzygiderli bolup geçýän ýeri hökmünde ÝUNESKO-nyň bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizildi.

Nargiza ALLAKULYÝEWA,

Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Repetek döwlet biosfera goraghanasynyň ylym bölüminiň laboranty