Italiýanyň “SkyStyle” dizaýn edarasy tarapyndan işlenip taýýarlanan “geljegiň” ýahtasy tanyşdyryldy. Uzynlygy 71 metre ýetýän “Project UNIQUE 71” atly suw ulagy täsin dizaýny we ýokary tehnologiýasy bilen tapawutlanýar. Ýahtanyň dizaýnyny Lukas Kolombo we Maks Pardo taýýarlapdyr. Gämi dizaýn edilende, onuň howa gämisine mümkingadar meňzedilmegi üçin “Boeing” kompaniýasynyň tejribesinden peýdalanylypdyr. Gäminiň içinde bir gatdan geýleki gata geçmek üçin lift hem göz öňünde tutulypdyr. Lýuks otaglary bolan gämi 12 ýolagça niýetlenendir. Suw ulagynyň üçegi awtomat usulda açylyp ýapylýar. Ýahtanyň 17 ekipažy bolup, deňiz gözelliklerini synlamak üçin köp ýeri aýnadan edilipdir. Gäminiň üçeginde suwa düşülýän howuz hem-de dikuçaryň gonmagy üçin meýdança bar. Şeýle hem dynç almaga niýetlenen aşaky gatda ýene bir suwa düşülýän howuz bar.
Jennet Täjiýewa, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby