Şu gün – 22-nji aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşigi geçirildi. Ol Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk çäreleriniň üstüni ýetirdi.
Bedewleriň päsgelçiliklerden böküp geçmek boýunça bäsleşiginiň jemlerine görä, Türkmenistanyň atly sport federasiýasyna degişli bolan Toýçy diýen at (seýsi Nikolaý Beglarýan) 1-nji orna mynasyp boldy.
Bäsleşikde, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlara «Türkmen atlary» döwlet birleşiginiň Milli atly sport merkezine degişli bolan Akgala diýen at (seýsi Bäşim Ballyýew) we Türkmenistanyň Prezidentiniň ahalteke atçylyk toplumyna degişli bolan Galkynyş diýen at (seýsi Durdy Kanaýew) mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ýeňijilerine sylaglar 24-nji aprelde — Türkmen bedewiniň milli baýramynyň çäklerinde gowşurylar.