Köp wagtdan bäri hytaýly müşderilere ýetirilýän “Xpeng P5” ulaglarynyň Ýewropa ýurtlarynda satyljakdygy mälim edildi. Hytaýyň elektroulag öndüriji kompaniýasynyň sedan kysymly ulagy, ilkinji nobatda, Daniýa, Niderlandlar, Norwegiýa we Şwesiýada satuwa çykarylar. Ulagyň Daniýadaky bahasy 390 müň dan krony (52 500 ýewro), Norwegiýada 380 müň norweg krony (39 500 ýewro), Şwesiýada 550 müň şwed krony (53 500 ýewro) we Niderlandlarda 48 müň ýewro bolar. Deňeşdirmek üçin, “Tesla Model 3”-iň Niderlandlardaky bahasy 52 müň ýewro.

Ýewropa bazaryna niýetlenen “Xpeng P5” ulagynyň 66 kW/sagat kuwwaty bolan batareýasy bir gezekki zarýady bilen 465 kilometre çenli ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Ulagyň bir sany hereketlendirijisi bolup, kuwwaty 208 at güýjüne barabar. Elektroulag 0-100 km/sagat tizlige 7,5 sekuntda ýetýär. Ulagyň yz tarapyndaky bagažynyň göwrümi 450 litre deň. Şeýle hem beýleki birnäçe elektroulagda bolşy ýaly öň tarapda, kapotuň aşagynda-da 70 litrlik ýen bir boş ýer bar.

Enejan Rejepowa,  Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby