Ylmy barlaglar boýunça Ýewropa guramasynyň uly adron kollaýderi (LHC) üç ýyllyk arakesmeden soň täzeden işe girizildi. Bu döwürde dünýäniň iň uly synag desgasynda çuňňur abatlaýyş işleri geçirildi. Netijede, elementar bölejikleriň çaknyşma energiýasyny ýokarlandyrmak, şeýle hem meýilleşdirilen synaglaryň dowamynda has köp maglumat ýygnamaga ýardam berjek täze bölejikleriň detektorlaryny we beýleki enjamlary oturtmak mümkin boldy.
-Ähli zat orkestrdäki ýaly sazlaşykly bolmaly – diýip, Uly adron kollaýderinde işleýän toparyň başlygy Rende Sterenberg belleýär.
Uly adron kollaýderi higgs bozonyny gözlemek we fizikanyň standart modelini gutarnykly barlamak maksady bilen 2008-nji ýylda guruldy. Fransiýada we Şweýsariýada ýerasty tunelde ýerleşýän gurnamanyň uzynlygy 27 kilometre deňdir. Gurluşyk we barlag işlerine ýüzden gowrak ýurtdan on müňden gowrak alym we inžener gatnaşdy.
Ylmy barlaglar boýunça Ýewropa guramasynyň maglumatlaryna görä, geçen üç ýylyň içinde mikrodünýäni barlamak üçin niýetlenen bu enjamyň zerur kämilleşdirme işleri geçirildi. Ylaýta-da, uly adron kollaýderiniň arasynda ornaşdyrylan 10 müňden gowrak birikmeleriň aşa geçiriji kabelleriniň täsirliligi we netijeliligi artdyryldy. Tizleşdiriji halkanyň 27 kilometrlik ugrunda oturdylan magnitler kollaýderiň içinden aýlanýan proton toplumlarynyň badyny artdyrýar. Alymlar çaknyşan bölejikleriň netijelerini öwrenip, materiýanyň syrlarynyň çuňlugyna aralaşýarlar we bu ugurda ajaýyp netijeler gazanýarlar.
Geçen ýyllarda Ylmy barlaglar boýunça Ýewropa guramasynyň fizikleri Higsiň bozonynyň bölejikleriniň ýüze çykarylandygyny mälim edipdiler. Ýöne ol heniz fizika nazaryýetiniň “Standart görnüşinde” bölejik hökmünde ýüze çykarylmady. Fizikleriň pikirine görä, 13,7 milliard ýyl mundan ozal älemiň esasyny goýan Uly partlaýyşdan soňra emele gelen Higgsiň bozony galaktikalaryň, ýyldyzlaryň we planetalaryň döremegine sebäp bolupdyr.
Doly subut edilen halatynda iňlis fizigi Piter Higgsiň 1964-nji ýylda öňünden ýüze çykaran bölejikleri soňky ýarym asyrda iň uly ylmy açyşlaryň biri bolardy. Ýöne birdenkä Higgsiň bozonynyň bardygy tassyklanmadyk halatynda, alymlary alasarmyk ýagdaýda goýup biler. Şunuň ýaly ýagdaýda fizikanyň täze eýýamy başlanyp, ähli bölejikleriň nusgalaryny alymlar täzeden gurmaly bolarlar.
Bu elementar bölejikleriň ölçeginiň takyklygyny has-da artdyrmak üçin alymlar olary has ýokary energiýada çaknyşdyrmagy maksat edinýärler. Geçen üç ýylyň içinde bu “yşlary” magnitleriň arasynda jebislendirmekden başga-da, goşmaça tizleşdirijiler – proton sinhrotrony we proton supersinhrotrony kämilleşdirildi.
Häzirki wagtda Şweýsariýanyň we Fransiýanyň araçägindäki 150 metr çuňlukda ýerleşýän kollaýderde ähli zerur abatlaýyş işleri geçirilip, indi ol iň ýokary energiýada hereket edip, protonlaryň toplumjyklarynyň bady has-da artdyrylar.