Şweýsariýanyň Wintertur şäherinde dünýäniň agaçdan ýasalan iň beýik binasy gurulýar. “RocketTigerli” atly taslamanyň çäklerinde biriniň beýikligi 100 metre deň bolan diň bilen bir hatarda dört bina bolar. Taslamanyň gurluşygyny amala aşyrjak kompaniýa onuň beýik binanyň reňkiniň onuň töweregindäki köne jaýlaryň üçeginiň reňki bilen sazlaşykly bolar. Binanyň daş ýüzi goýy gyzyl hem-de sary bişen kerpiç bilen örtüler. 2026-njy ýylda  binanyň gurluşygy tamamlananda, agaç sütünli iň beýik bina bolar. Binanyň esasy sütünleri beton däl-de agaç bolar.