Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 2028-nji ýylda meşhur rus ýazyjysy Lew Tolstoýyň doglan gününiň 200 ýyllygyny bellemek baradaky karara gol çekdi. Bu resminama Russiýanyň kanuny maglumatlarynyň resmi internet portalynda mälim edildi.
«L. N. Tolstoýyň milli we dünýä medeniýetine goşan goşandyny göz öňünde tutup we 2028-nji ýylda doglan gününiň 200 ýyllygy bilen baglanyşykly karar edýärin: Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň 2028-nji ýylda Lew Tolstoýyň doglan gününiň 200 ýyllygyny bellemek baradaky teklibini kabul ediň» diýlip, resminamada bellenilýär.
Mundan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň Hökümetine baýramçylyga taýýarlyk görmek üçin guramaçylyk komitetini döretmek we onuň düzümini tassyklamak, şeýle hem alty aýyň içinde esasy çäreleriň meýilnamasyny düzmek we tassyklamak tabşyryldy.
«Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň döwlet edaralaryna we ýerli häkimiýetlere Lew Tolstoýyň doglan gününiň 200 ýyllygyna bagyşlanan çäreleri taýýarlamak we geçirmek işlerine gatnaşmagy maslahat berýärin» diýlip, kararda bellenilýär.