Guş­. Uç­ýan jan­dar­la­ryň ýüz­ler­çe gör­nü­şi bo­lup, ola­ryň kö­pü­si agaç şa­ha­la­ryn­da hö­würt­ge ýa­san­ýar­lar. De­ňiz ke­nar­la­ryn­da­ky kert ga­ýa­lar­da, çä­ge­lik­ler­de we düz­lük­ler­de hö­würt­ge ýa­san­ýan ýa-da hiç hi­li hö­würt­ge ýa­san­ma­ýan guş­lar hem bol­ýar. Agaç­lar dür­li jan­dar­la­ryň, şol san­da guş­la­ryň ýa­şa­ma­gy üçin te­bi­gy tä­sir­ler­den we duş­man­la­ryn­dan go­ranmagy üçin şert dö­red­ýär. Şeý­le bo­lan­soň, guş­la­ryň ulu­ly-ki­çi­li on­lar­ça gör­nü­şi agaç­lar­da­ky kö­wek­ler­de ýa-da öz ýa­san hö­würt­ge­sin­de ýa­şa­ýar­lar.

Bel­ka. Is­le ýe­ke­je­si ösüp otu­ran bol­sa, is­le-de ba­gyň için­de ýa-da süm­me to­kaý­lyk­da bol­sun, ta­pa­wu­dy ýok, agaç­lar ulu­ly­gy­na gö­rä aý­ra­tyn ekoul­ga­my dö­red­ýär­ler. Ýer ýü­zün­de ýa­şaý­şyň do­wam et­me­gi­ne uly go­şant goş­ýan agaç­lar­da guş­lar hö­würt­ge ýa­san­ýan bol­sa, onuň ýap­rak­la­ry hem-de ga­by­gy ulu­ly-ki­çi­li jan­dar­lar üçin iý­mit çeş­me­si bo­lup hyz­mat ed­ýär. Şa­ha­dan-şa­ha bö­küp gez­ýän bel­ka­lar dün­ýä­niň dür­li ýer­le­rin­de ýa­şa­ýar­lar. Bu jan­dar­lar di­ňe adam­lar­dan uzak­da­ky to­kaý­lar­da däl, eý­sem, kä­bir şä­her­ler­dä­ki se­ýil­gäh­ler­de hem ga­bat gel­ýär. Bu ena­ýy­ja jan­dar­lar wag­ty­nyň köp bö­le­gi­ni aga­jyň üs­tün­de ge­çir­ýärler. Bel­ka­la­ryň bo­ýy 18-25 san­ti­metr, guý­ru­gy 14-20 san­ti­metr ara­ly­gyn­da bol­ýar. Olar, adat­ça, iý­mit­len­mek üçin gün­di­zi­ne da­şa­ryk çyk­ýar­lar. Dik aga­ja dyr­ma­şyp bil­ýän ça­la­syn jan­dar­la­ry ki­çi wag­ty el­de­ki­leş­di­rip hem bol­ýar. Ýew­ro­pa­nyň Is­lan­di­ýa­dan baş­ga äh­li ýe­rin­de, Azi­ýa ýurt­la­ry­nyň kö­pü­sin­de we Ame­ri­ka­da te­bi­gy ýag­daý­da ýa­şa­ýan bel­ka­lar agaç­la­ryň gu­ran şa­ha­la­ryn­da, haç­ja­la­ryn­da, daş­de­şe­niň de­şen kö­wek­le­rin­de öz­le­ri­ne öý­ja­gaz ýa­san­ýar­lar.

Maý­myn. Köp­çü­lik bo­lup ýa­şa­ýan bu jan­dar­lar iň akyl­ly haý­wan­la­ryň bi­ri ha­sap­lan­ýar. Bir­nä­çe gör­nü­şi bo­lup, aň­sat­lyk bi­len aga­ja dyr­ma­şyp hem-de bir agaç­dan beý­le­ki bir aga­ja bö­küp bil­ýän maýmynlar şa­ha­la­ryň ara­syn­da ge­zen­le­rin­de di­ňe aýak­la­ry­ny däl, eý­sem, de­ňag­ram­ly­ly­gy­ny sak­la­mak üçin guý­ruk­la­ry­ny hem ulan­ýar­lar. Adat­ça gür to­kaý­lar­da ýa­şa­ýan bu jan­dar­lar mi­we, ýap­rak, mör-mö­jek­ler, gül­ler, ki­çi­räk süý­dem­di­ri­ji­ler, süý­re­ni­ji­ler, ýer­de-suw­da ýa­şa­ýan zat­lar bi­len iý­mit­len­ýär­ler. Düz­lük­ler­de, gar­ly dag­la­ryň de­pe­le­rin­de, hat­da çöl­de ýa­şa­ýan gör­nüş­le­ri hem bol­an maýmynlaryň köp bö­le­gi tro­pik to­kaý­lar­da ga­bat gel­ýär. Iň ki­çi maý­my­nyň uzyn­ly­gy 15 san­ti­met­re, ag­ra­my 120 gra­ma ba­ra­bar.
Ýal­ta haý­wan. Ýer to­ga­la­gyn­da­ky iň tä­sin jan­dar­la­ryň bi­ri gy­myl­da­ma­gy ha­la­ma­ýan­dy­gy üçin şeý­le at­lan­dy­ryl­ýar. Or­ta we Gü­nor­ta Ame­ri­ka­da ýa­şa­ýan bu jan­da­ryň la­tyn­ça ady:

«Bra­dy­pus pyg­maeus». Gün­de or­taça 35-40 metr ýö­re­ýän bu jan­dar­la­ryň, esa­san, iki gör­nü­şi – iki hem-de üç dyr­nak­ly­sy bar. Agaç­la­ryň şa­ha­la­ryn­da ýa­şa­ýan bu jan­dar­lar, esa­san, ýap­rak­lar we ow­nuk mör-mö­jek­ler bi­len iý­mit­lenip, iý­mi­tin­den al­ýan energi­ýa­sy özi bi­len deň jan­da­ryň­ky­dan iki es­se az­dyr. Bu jan­dar­lar ha­ýal he­re­ket eden­soň, bu ener­gi­ýa ola­ryň ýa­şa­ma­gy üçin ýe­ter­lik bolup, iý­mit­len­mek üçin köp­lenç gi­je­si­ne da­şa­ryk çyk­ýarlar. Ola­ryň üç bar­mak­ly­sy­nyň iň ki­çi gör­nüş­i di­ňe Ka­rib deň­zin­dä­ki Es­ku­do de We­ra­gu­as ada­syn­da ýa­şa­ýar. Örän ha­ýal he­re­ket ed­ýän­di­gi­ne ga­ra­maz­dan, bu jan­dar­la­ryň sa­ny azal­man­dyr. Se­bä­bi ola­ryň duş­man­la­ry köp bol­sa-da, tut­mak aň­sat däl. Şeý­le hem ola­ryň de­ri­si­niň reň­ki agaç­la­ryň­ka örän meň­zeş. Şol ýer­de ýa­şa­ýan bür­güt­le­riň gö­zi nä­çe ýi­ti hem bol­sa, ga­ty ze­rur bol­masa he­re­ket et­me­ýän bu jan­dar­la­ry gö­rüp bil­me­ýär.

Koa­la. Awst­ra­li­ýa­nyň gün­do­ga­ryn­da­ky we gü­nor­ta­syn­da­ky to­kaý­lar­da ýa­şa­ýan, wag­ty­nyň köp bö­le­gi­ni aga­jyň üs­tün­de ge­çir­ýän bu jan­da­ryň kü­müş­söw çal reňk­li tü­ýi goý­nuň ýü­ňi ýa­ly ýum­şak bol­ýar. Ken­gu­ru­la­ryň­ky ýa­ly bu jan­dar­la­ryň hem hal­ta­sy bol­ýar. Bo­ýy 60-85 san­ti­metr, ag­ra­my 4-15 ki­log­ram ara­ly­gyn­da bol­ýan koa­la­lar he­mi­şe gök öw­süp otur­ýan ek­wa­lipt agaç­la­ry­nyň ýap­rak­la­ry bi­len iý­mit­lenip, gü­nüň 20 sa­ga­dy­ny uk­lap ge­çir­ýär­ler.
Bu­lar­dan baş­ga-da, mör-mö­jek­le­riň dür­li gör­nüş­le­ri, kir­pi, pan­da ýa­ly beý­le­ki jan­dar­lar hem wag­ty­nyň köp bö­le­gi­ni aga­jyň üs­tün­de ge­çir­ýär.