22-nji aprelde Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde, paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda meşhur britan tebigatçysy ser Dewid Attenboronyň “Biziň planetamyzdaky ýaşaýyş” atly dokumental filminiň görkezilişi boldy.

Çärede Beýik Britaniýanyň Ilçisi hanym Lýusiýa Uaýld söz sözläp, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň aýawly saklanmagy ýaly meseleleriň biziň ählimiz üçin wajypdygyny belledi. Britan diplomaty bu ugurda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işlere ýokary baha berdi.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyzda ekologiýa meselesine aýratyn üns berilip, bu ulgamda durmuşa geçirilýän döwlet strategiýasy jemgyýetiň we tebigatyň ösüşini sazlaşdyrmaga gönükdirilendir.

Kinoteatryň foýesinde ekologiýa bagyşlanan suratlaryň sergisi hem guraldy. Çärä paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary gatnaşdylar.