24-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan dabaralara gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow bilen duşuşdy.

Prezident Rustam Minnihanow türkmen döwletiniň Baştutanyna mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny we gutlaglaryny, ähli türkmen halkyna ýollan abadançylyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Myhman türkmen-tatar hyzmatdaşlygyna hemişe üns berýändigi üçin hoşallyk bildirip, ýene bir gezek doganlyk Türkmenistana gelip görmek mümkinçiligine örän şatdygyny aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz myhmana hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly häsiýetini belledi.

Prezident Rustam Minnihanow mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyzy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene bir gezek gutlap, ýokary döwlet wezipesinde alyp barýan giň gerimli işlerinde üstünlik arzuw etdi hem-de türkmen halkynyň bahasyna ýetip bolmajak milli mirasy, dünýä siwilizasiýasynyň gymmatlygy bolan behişdi bedewleriň şöhratyna şaýatlyk edýän dabaralara gatnaşmaga örän şatdygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa, onuň iri sebitleri we senagat merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar diýip aýtdy. Muny biziň ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasy bilen däp bolan özara ynanyşmak, netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga ygrarlydygy hem tassyklaýar. Russiýanyň bu sebiti bilen Türkmenistany öňden gelýän ykdysady we medeni gatnaşyklar baglanyşdyrýar.

Duşuşygyň dowamynda bar bolan gyzyklanmalary hem-de uly kuwwaty, köp ýyllaryň dowamynda birnäçe iri taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde bilelikdäki işiň oňyn tejribesi bilen berkidilen mümkinçilikleri hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ileri tutulýan ugurlary barada düýpli pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň Tatarystanyň “KamAZ” we “Tatneft” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetleri, Kazan dikuçar zawody we beýleki iri kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy munuň aýdyň mysalydyr.

Prezident Rustam Minnihanow Tatarystanyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda öz ornuny pugtalandyrmaga aýratyn gyzyklanma bildirýändikleri barada aýdyp, muňa ýurtda döredilen amatly maýa goýum gurşawynyň hem-de öz üstüne alan borçnamalaryna pugta eýerýän ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň ýardam berýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda Tatarystanyň Prezidenti türkmen halkynyň milli gymmatlygy we buýsanjy bolan türkmen alabaýyna ünsi çekdi. Dünýädäki meşhur tohumlaryň biri bolan alabaýlar biziň günlerimize çenli özüniň asyl keşbini, özboluşly aýratynlygyny, häsiýetini hem-de eýesine wepalylygyny saklap geldi. Şunuň bilen baglylykda, myhman hormatly Prezidentimize Tatarystanda Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sowgat beren Akdost atly alabaýynyň ýagdaýy barada gürrüň berdi.

Döwlet Baştutanymyz soňky ýyllardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn derejesine ýokary baha berip, ýurdumyzyň Tatarystany ygtybarly we geljegi uly hyzmatdaş hasaplaýandygyny nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, Tatarystanyň Baştutanynyň Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli guralýan baýramçylyk çärelerine gatnaşmagynyň ähmiýetini belläp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bu saparyň türkmen-tatar dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň ýolunda ýene bir möhüm ädim boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň we RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidentleri birek-birege iň gowy arzuwlaryny aýdyp, däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň üýtgewsizdigini tassykladylar hem-de doganlyk türkmen we tatar halklaryna parahatçylyk, bagt, abadançylyk arzuw etdiler.