Ýaponiýanyň “Honda” kompaniýasy sürüjisiz taksi hyzmatyny ýola goýmagy maksat edinýär. Ilkinji nobatda, Tokýoda ýola goýuljak bu hyzmat üçin şertnama baglaşyldy. Kompaniýanyň bu ugurda ýöriteleşdirilen “Honda Mobility Solutions” (HMS) atly bölümi iki sany şereket bilen ylalaşyk gazandy. Bu barada berlen beýanatda “Honda”-nyň geljek üç ýylyň dowamynda Tokýonyň merkezinde sürüjisiz hyzmaty hödürläp başlajakdygy bellenilýär. Ýapon kompaniýasy bu hyzmaty ýola goýmak üçin “General Motors”-yň dolulygyna özbaşdak hereket edip bilýän “Cruise Origins” atly ulagyndan peýdalanar. Bu ulagda dolandyryjy rul, sürüji üçin aýratyn oturgyç we pedallar göz öňünde tutulmandyr.

Wepa Mämmedow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby