Çeýelik ýa-da maýyşgaklyk daşlara mahsus häsiýet hasaplanmaýar. Bir zat gaty ýa-da agyr bolsa daşa deňelýär. Dünýäniň az ýerinde gabat gelýän çeýe daş hem bar. Itakolumit atly gumdaş ýuka kesilende ol çeýe häsiýete eýe bolýar. Bu daş ilkinji gezek Braziliýanyň Minas Jeraýs şäherindäki “Pico do Itacolomi” gaýasynda tapylýar. Şol sebäpli bu daş şeýle atlandyrylýar. Gumdaşyň bu görnüşi ABŞ-nyň Jorjiýa we Demirgazyk Karolina ştatlarynda, şeýle-de, Hindistandaky Kaliana obasynda we beýleki käbir ýerlerde gabat gelýär. Bu daş, köplenç, gurluşyk materialy hökmünde peýdalanylýar. Ol galyňlygy 1 sm we uzynlygy 20 sm töweregi böleklere bölünýär we pol ýa-da diwar örtmek üçin ulanylýar. Itakolumitiň çeýeligi köp ýyllap adamlaryň ünsüni çekip gelýär. Ellerinde itakolumitiň bir bölegini saklamagy başaran adamlar munuň gaty geňdigini aýdýarlar. Bu daş adaty daşlar ýaly agyr, emma muňa garamazdan, çeýeligi bilen tapawutlanýar.

Döwlet HALLYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.