Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow jenap Emmanuel Makrona Fransiýa Respublikasynyň Prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanmagy mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Biz Türkmenistan bilen Fransiýa Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris we olaryň geljekde iki ýurduň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynanýarys” diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow öz hatynda belledi.
Şu mümkinçilikden peýdalanyp, döwlet Baştutanymyz Prezident Emmanuel Makrona tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, täze başlangyçlarynda üstünlik arzuw etdi.