25-nji aprelde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara Güwänamanyň gelip gowuşmagy mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Maslahatyň işine halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleri, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary hem-de milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine Saakýan, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekili Ýegor Zaýsew, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň prorektory Nurmuhammet Şihlyýew, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary çykyş etdiler.

Çykyş edenler Türkmenistan bilen BMG-niň Ýer ýüzünde durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen köpýyllyk hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellediler. Bu ugurda daşky gurşawy goramak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki maksatnamalaryň we taslamalaryň ýerine ýetirilmeginiň aýratyn orny barada nygtaldy.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan daşky gurşawy goramak boýunça çärelere, tebigata aýawly garamaga hem-de biodürlüligi üpjün etmäge aýratyn üns berýär. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň martynda Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşmagynda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynyň ýurdumyzyň ekologiýa ulgamynda öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasy bolandygy bellenildi.

Şeýle hem ýurdumyzda bu ugurda Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmeginiň ähmiýeti we onuň çäklerinde şäherlerde we obalarda ýaşyl zolaklarynyň giňeldilmegi ugrunda bag ekmek çäreleriniň yzygiderli geçirilýändigi barada nygtaldy.

BMG-niň Baş Sekretarynyň Orunbasary, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň Ýerine ýetiriji sekretaryndan gelip gowşan bu Güwänama Türkmenistanyň Prezidentiniň we halkymyzyň daşky gurşawy goramak ugrunda edýän tagallalaryna ýokary baha berilýändiginiň subutnamasydyr.