UEFA Çempionlar Ligasynda ýarym finalda janköýerler taryhy duşuşygyň şaýady boldular. Mançester şäherindäki Etihad stadionynda oýnalan oýunda 7 gol derwezä girizildi. Öz meýdançasynda Real Madridi kabul eden Mançester eýýäm 2-nji minutda, has takygy 94-nji sekuntda Kewin De Bruýneniň goly bilen hasaby açdy. Bu gol ýarym final oýunlaryndaky iň çalt gol hökmünde hasaba alyndy. 11-nji minutda bu gezek Gabriel Žesus tapawutlandy. 33-nji minutda Karim Benzema Mendiniň beren pasynda topy gelşine urup, madridlileri umytlandyrdy. Duşuşygyň 2-nji ýarymynda, has takygy, 53-nji minutda Mançester Siti Fil Fodeniň goly bilen aratapawudy ýene-de 2 gola çykardy. Ýöne myhmanlaryň jogaby gijikmedi. 55-nji minutda owadan hereketler bilen Fernandinionyň deňinden geçen Winisius Junior meýdançanyň orta gürpünden alyp gaýdan topuny Sitiniň derwezesinden girizmegi başardy. 75-nji minutda Bernardo Silwanyň owadan goly bilen aratapawut ýene-de 2 gola çykdy. Emma 82-nji minutda Benzemanyň meşhur Panenka urşy bilen penaltini dürs urdy we “Real” ýene-de aratapawudy 1 gola düşürdi. Şeýlelikde, Mançester Siti 3 gezek aratapawudy 2 gola çykarsa-da, goragçylarynyň pes netije görkezendigine garamazdan, Real Madrid her sapar jogap bermegi başardy. Duşuşykda 2 gol geçiren Karim Benzema şu möwsümdäki gollarynyň sany 14-e ýetip, ol Robert Lewandowskiden öňe saýlandy. Pep Guardiola bolsa karýerasynda 12-nji gezek Realy ýeňmegi başardy.

Jogap duşuşygy 4-nji maýda Madridde oýnalar.