Ne­pal­ly Şer­pa Lhak­pa Ýer ýü­zü­niň iň be­ýik no­ka­dy bo­lan Ewe­res­te iň köp dyr­ma­şan ze­nan hök­mün­de Gin­ne­siň Bü­tin­dün­ýä re­kord­lar ki­ta­by­na ady­ny ýaz­dyr­dy. In­di bol­sa ol 10-njy ge­zek Ewe­res­te çy­kyp re­kor­dy­ny tä­ze­le­mek is­le­ýär. Onuň ki­çi gy­zy, 15 ýaş­ly Şi­ni hem da­gyň bel­li bir be­lent­li­gi­ne çen­li çyk­ýar. Şer­pa Lhak­pa Gi­ma­laý dag­la­ry­nyň ge­riş­le­rin­de, de­ňiz de­re­je­sin­den 4 müň metr be­lent­lik­dä­ki oba­da dün­ýä inip­dir. Hä­zir­ki wagt­da 48 ýa­şyn­da bo­lan Lhak­pa il­kin­ji ge­zek 2000-nji ýyl­da da­gyň de­pe­si­ne çy­kyp­dyr. Ol il­kin­ji ge­zek da­ga çy­kan wag­ty ar­zu­wy­na ýe­ten ýa­ly duý­gy­ny baş­dan ge­çi­ren­di­gi­ni bel­le­ýär. Ol 2003-nji ýyl­da Ewe­res­te üçün­ji ge­zek çy­kan il­kin­ji ze­nan hök­mün­de re­kord goý­ýar we on­dan soň­ra re­kord­la­ry­ny do­wam et­dir­ýär. Şol ge­zek Lhak­pa da­gyň de­pe­si­ne öz er­kek do­ga­ny hem-de uýa­sy bi­len bi­le­lik­de çyk­yp, 8 müň metr be­ýik­li­ge çy­kan üç do­gan hök­mün­de re­kord­ goý­ýar.
Lhak­pa da­gyň çür de­pe­sin­de 5-10 mi­nut­dan köp du­rup bol­ma­ýan­dy­gy­ny, şonuň üçin il­ki su­ra­ta düş­ýän­di­gi­ni aýd­ýar. Ewe­rest da­gy­na il­kin­ji ge­zek 1953-nji ýyl­da çy­kyl­ýar. Şon­dan bä­ri her ýyl­ da­ga dyr­maş­ýan­la­ryň sa­ny art­ýar.

Aý­me­lek ÝE­GEN­MY­RA­DO­WA,
Türk­men döw­let yk­dy­sa­dy­ýet we do­lan­dy­ryş ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.