Häzirki wagtda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny özgertmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň bolçulygyny döredip, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriniň möçberini azaltmak eziz Diýarymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, oba zähmetkeşleriniň ýaşaýyş durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Azyk senagaty pudagynda uly we kiçi kärhanalaryň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen täze önümçilik hatarlarynyň işe girizilmegi muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Ylmyň we tehnologiýanyň iň soňky gazananlary bilen enjamlaşdyrylan bu kärhanalar miwe-gök önümlerinden gaýtadan işlenilip taýýarlanylýan önümleriň hilini gowulandyrmaga, görnüşlerini has-da giňeldip, ilatymyzy ýerli çig mallaryň hasabyna öndürilen harytlar bilen üpjün etmek meseleleri we eksporty ýola goýmaga şert döredýär.
Häzirki döwürde biziň ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň azyk önümçiliginde goýy konsistensiýaly iýmit önümlerini öndürmekde durnukly tendensiýa saklanýar. Üwmeçleriň we souslaryň ýakymly ysy we özboluşly tagamy işdäni açýar we şeýle-de iýmitiň siňdirilişini aňsatlaşdyrýar. Pagta ýag önümleri özüniň tygşytly usul bilen taýýarlanylýandygy, ýokary iýmit we biologiki gymmatlygy, baý funksional düzümi bilen tapawutlanýarlar. Şoňa laýyklykda, biziň uniwersitetimizde alyp barýan ylmy-barlag işlerimiz pagta ýag önümleriniň görnüşlerini giňeltmäge hilini ýokarlandyrmaga ýardam etjek täze tehnologiki prosesleri we pagta ýagyň düzüminde ýurdumyzda ösýän ýakymly ys we tagam berýän dermanlyk ösümlikleriniň efir ýaglaryny ulanmak tehnologiýasyny peýdalanmaklygy göz öňünde tutýar. Şu ýerde, pagta ýagy we çylşyrymly efirleriň düzümi we adam saglygyna peýdasy barada bellesek ýerlikli bolsa gerek.
Oba hojalygynda gowaçany esasan süýüm almak üçin ösdürilip ýetişdirilýär. Pagta arassalaýjy kärhanalarda pagta söýümi alnandan soňra, pagta çigidiniň üst meýdanynda ýene-de 2-4, 12-14 göterim pagta übtügi galýar. Pamygyň bir tonnasyndan 340-350 kg süýüm, 620 kg çigit we beýleki önümler çykýar. Şol çigitden 110 kg ýag we 175 kg gabyk (şulha) alynýar.
Pagta ýagynyň himiki düzümine B, E we PP witaminleri, doýmadyk we doýgun ýag kislotalary girýär. Olar öz gezeginde adam organizmini omega 3 bilen üpjün ediji bolup durýar. Pagta ýagy antioksidant hökmünde bolup ir garramakdan goraýar, immunitet ulgamyny güýçlendirýär we oňyn goraýyş we güýçli nerwleri üpjün edýär. Ýagly kislotalar ýaralaryň çalt bejerilmegine we çişmäniň sorulmagyna, süýji keseline, dermatit, allergiýa garşy göreşmäge we ýanmagy gowy bejermäge kömek edýär. Pagta ýagyna örän baý bolan fitosterollar, holesterini azaltmaga, miokard infarktynyň ösmeginiň öňüni almaga kömek edýär. Pagta ýagyny baýlaşdyryp ýakymly ys berýän efir ýaglarynyň düzümi çylșyrymly suwuklyklar bolup, ösümliklerde emele gelýärler we olaryň ysyny kesgitleýärler. Dünýä ekerançylygynda iň köp meýdany efir ýagly bägül, narpyz, lawanda, elwan geran, koriandr, muskat șalfeýi ekilen ýerler tutýar. Efir ýaglaryny ösümlikleriň ýaglary köp saklaýan böleklerini (köplenç, ösümlikleriň güllerini, seýregräk – köklerini, ýapraklaryny, pürlerini, baldaklaryny) suw bugy bilen gaýtadan işläp alýarlar. Efir ýaglary parfimeriýada iýmit önümçiliginde we lukmançylykda giňden ulanylýar.
Häzirki wagtda pagta ýagyny ýerli derman ösümlikleriniň efir ýaglary bilen baýlaşdyrmagyň amatly usullaryny işläp düzmek has ähmiýetli işleriň biridir. Bu ugurda uniwersitetimiziň tejribehanasynda yzgiderli geçirilýän tejribe barlag işler alnyp barylýan ylmy işiň netijeliligini ýokarlandyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ylym ösdürmek üçin alyp baran işleri ýaş inžener-tehnologlary täze açyşlar etmäge badalga berýär.
Mähri Akmämmedowa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby