Şabram şelpeleriň, şirwan perdeleriň joşgunly owazlaryna köňül beren türkmen halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş ýörelgelerinde dutar saz guralymyzyň özboluşly orny bar. Ençeme asyrlara uzalyp gidýän şöhratly taryhynda merdana ulus-ilimiz dutary özüniň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüpdir. Türkmen ilinde tutulýan her bir toýda dutarda ýaňlanýan mukamlar adamlary watansöýerlige, ynsanperwerlige, agzybirlige ündäpdir, nesilleriň kalbynda ýagşy gylyk-häsiýetleri kemala getirmegiň mekdebine öwrülipdir. Agzybir halkymyzyň dünýä medeniýetiniň genji-hazynasynda orun alan behişdi bedewleri,  alabaýlary, nepis halylary, şaý-sepleri ýaly milli gymmatlyklary bilen bir hatarda,  dutar saz guraly hem türkmen topragynyň şöhratyny dünýä ýaýýan buýsanjydyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dutar saz guralymyza goýulýan hormat-sarpa has-da belende göterilip, dutar mukamlary bedew batly döwletli diýarymyzyň parahatçylyksöýüjilige, hoşniýetlilige esaslanýan ýol-ýörelgeleriniň belent waspyna öwrülýär, dünýä ýüzünde giňden ýaň salýar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmagyň we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň «Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna» girizilmegi, ýurdumyzyň durmuşynda şatlykly waka boldy. Bu ajaýyp waka halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň, senetçiliginiň, aýdym-saz sungatynyň gazananlaryny dünýä ýaýmakda,  çuňňur öwrenmekde, wagyz etmekde möhüm ähmiýetlidir.

Aslynda, dutar türkmen ilinde her bir ojagyň bezegi, her bir maşgalanyň ruhy syrdaşy. Bagtyýar maşgala ojaklarynyň dulunda söýelgi duran dutara gözüň düşende, göwün guşuň biygtyýar ganat kakýar. Häzirki döwürde türkmen dutarynda ýerine ýetirilýän joşgunly aýdym-sazlar ajaýyp zamanamyzyň, bagtyýar durmuşymyzyň nurana bezegine öwrülýär. Ýurdumyzyň paýtagtynda, welaýatlarynda hereket edýän sungat mekdeplerinde ýaş nesilleriň dutarda sazlary çalmagy, aýdymlary aýtmagy uly höwes bilen öwrenmekleri, bu jadyly senede yhlas etmekleri has-da guwançly. Munuň özi ajaýyp döwrümiziň bagtyýar nesilleriniň kalbynda dutara, aýdym-saza uly söýginiň bardygyny, olaryň ata-baba dowam edip gelýän milli sungata sarpasynyň uludygyny alamatlandyrýar.

Ýurdumyzda dutar ýasamak senetçiligi bilen yzygiderli meşgullanýan ussalara «Çeper döredijiligiň halk ussasy» diýen adyň dakylmagy, şu ýyldan başlap, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde, dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň ýola goýulmagy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe dutar saz guralymyzyň sarpasynyň barha belende göterilýändigini aýdyň subut edýär.

Türkmen aýdym-saz sungatynyň kemala gelmeginde, ösmeginde uly hyzmatlary bitiren meşhur sungat ussatlarymyzyň atlary halkymyzyň hakydasynda baky orun aldy.  Şükür bagşy, Amangeldi Gönübek, Garadäli gökleň, Kel bagşy, Hally bagşy, Sary bagşy, Pälwan bagşy, Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly Täçmyradow, Nobat bagşy, Garly bagşy, Palta bagşy, Baýar bagşy, Nazar baga, Sahy Jepbarow, Pürli Saryýew ýaly ençeme bagşy-sazandalaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlary milli saz sungatymyzyň kemala gelmeginde uly ähmiýete eýe boldy.

Halypa bagşy-sazandalarymyzyň türkmen dessanlaryndan hem-de nusgawy şahyrlarymyzyň goşgularyndan aýdan joşgunly aýdymlary, çalan halk sazlary mukamlar dünýäsiniň gudrat-keremini göwünlere ornadyp, ulus-iliň kalbyna ganat bekletdi.

Dutar saz guralymyz halkymyzyň taryhyna, nusgawy edebiýatyna, dessanlaryna, halk döredijiligine aýratyn ornan sarpaly senedimizdir. «Görogly» şadessanda, şeýle hem, «Şasenem-Garyp», «Nejep oglan», «Saýatly-Hemra», «Hüýrlukga-Hemra» ýaly dessanlarda beýan edilýän wakalaryň ählisinde gola saz alyp, nama aýtmak, dutar çalmak özboluşly şöhlelenýär. Gara gazma, tamdyra, dutar diýlip dürlüçe atlandyrylan bu senediň güýji kalplary joşduryp, ýürekleri buýsançdan doldurandyr. Dutar – ähli döwürlerde hem türkmen halkynyň ruhy syrdaşyna, toýlarynyň bezegine öwrüldi. Dutaryň joşgunly mukamlarynda türkmen topragynyň mähiri, ýylysy, gudraty bar, boz meýdanlaryň gözelligi, sahawatly sähranyň nagmalary bar.

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda ýurdumyzda tutulýan şanly toýlarymyzda dutar owazlary bagtyýar raýatlaryň ýüreklerini joşdurýar, göwünlerini ganatlandyrýar.

Bagtyýar halkymyzyň milli gymmatlyklaryna, medeni mirasyna belent hormat-sarpa goýýan Hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyşlar aýdýarys!

Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Baýramberdi Babahanow, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjysy