Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Oraza baýramyny bellemek hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe mähriban halkymyzyň bitewüligini, agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek, köpasyrlyk däp-dessurlarymyza aýawly çemeleşmek, ruhy baýlyklarymyzy gorap saklamak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:
- Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Oraza baýramyny 2022-nji ýylyň 2-nji maýynda bellemeli.
- Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar Berdimuhamedow.
***
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanda 2022-nji ýylda şaly öndürmek hakyndaky» Karara gol çekdi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan özgertmeleri dowam etdirmek, öndürilýän oba hojalyk önümleriniň möçberini has-da artdyrmak hem-de şalynyň ýokary hasylyny öndürmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda 2022-nji ýylda şaly öndürmek hakynda” Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine, Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň häkimliklerine, Daşoguz welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda hem-de Lebap welaýatynyň Darganata, Dänew, Çärjew, Farap, Saýat, Halaç, Hojambaz, Kerki, Döwletli we Köýtendag etraplarynda önümçiligi we ekin dolanyşygyny agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda ylmy esasda ýola goýmak bilen, şalynyň ýokary hasylynyň öndürilmegini üpjün etmek tabşyryldy.
***
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy
“Jenaýatçylykly ýol bilen alnan girdejileriň kanunlaşdyrylmagyna, terrorçylygyň maliýeleşdirilmegine we köpçülikleýin gyryş ýaragynyň ýaýradylmagynyň maliýeleşdirilmegine garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň Kanunyndan gelip çykýan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Maliýe gözegçiligi gullugy hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy.
***
Muzeýlere «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda muzeý işini has-da kämilleşdirmek, muzeýleriň işiniň ösdürilmegini goldamak maksady bilen, şeýle hem “Medeniýet hakynda” we “Muzeýler we muzeý işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, muzeýlere “Milli” hukuk derejesini bermegiň tertibi we şertleri tassyklanyldy.
***
Ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakyndaky Düzgünnama tassyklanyldy
“Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna we “Türkmenistanda ygtyýarlylandyrmak işini guramagy kämilleşdirmek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 29-njy maýynda çykaran 1771-nji Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ulag-ekspedisiýa işini ygtyýarlylandyrmak hakynda Düzgünnama tassyklanyldy. Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentligine Adalat ministrligi bilen bilelikde Karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak hem-de Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy.