29-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzda azyk üpjünçiligini pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmek boýunça işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda 2022-nji ýylda şaly öndürmek hakynda» Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.
Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan şaly öndürijiler bilen şertnamalary baglaşmak, olary zerur mukdarda ýokary hilli şaly tohumy hem-de şaly hasylyny ösdürip ýetişdirmek we ýetişdirilen hasyly ýygnamak bilen bagly tehniki hyzmatlar bilen üpjün etmek, hasyly satyn almak we öz wagtynda hasaplaşyklary geçirmek meýilleşdirilýär. Şu ýyl Daşoguz hem-de Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdana şaly ekip, ondan 82 müň 400 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ekinlerden hasyl almakda meýdan işleriniň talabalaýyk guralmagynyň möhüm ähmiýete eýedigini belledi. Milli ykdysadyýetimiziň azyk önümçiligine degişli pudagynyň hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagynyň, halkymyzyň ýurdumyzda öndürilen ýokary hilli, ekologik taýdan arassa azyk önümlerine islegini kanagatlandyrmagyň zerurdygy bellenildi.
Döwlet Baştutanymyz resminama gol çekip hem-de ony sanly ulgam arkaly wise-premýere iberip, degişli tehnologiýalary hem-de täzeçil çemeleşmeleri peýdalanmak arkaly meýdanlary şaly ekişine talabalaýyk taýýarlamak boýunça tabşyryklary berdi.