29-njy aprelde geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow Dokma senagaty ministrliginiň Bäherden tikin fabrigini döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Wise-premýer şu maksat bilen, Bäherden tikin fabrigi açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esaslandyryjysy hökmünde Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň 40 göterim hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Gerçek ýigit” hususy kärhanasynyň 60 göterim möçberli paýly gatnaşmagynyň teklip edilýändigini habar berdi.
Bu taslamanyň amala aşyrylmagy önümleriň hilini gowulandyrmaga hem-de görnüşlerini giňeltmäge, olaryň içerki we daşarky bazarlarda ýerlenilmegini ýokarlandyrmaga, goşmaça iş orunlaryny döretmäge ýardam eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda, şol sanda dokma senagatynda durnukly ösüşiň üpjün edilýändigini belledi. Ýurdumyzy senagatlaşdyrmak we sanly ulgama geçirmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan hem-de daşary ýurtlara iberilýän önümleriň mukdaryny artdyrmak baradaky wezipeleriň wajypdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyz öndürilýän harytlaryň ýokary hil derejesine laýyk hem-de ekologik taýdan arassa bolmalydygyny aýtdy. Munuň üçin dokma kärhanalary ýokary tehnologiýaly öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmelidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz döwlet eýeçiligini dolandyrmagyň netijeliligini ýokarlandyrmak hem-de olary paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, hususy eýeçiligiň ykdysadyýetdäki paýyny artdyrmak, kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek maksady bilen, degişli çäreleri görmegiň zerurdygyny belläp, wise-premýere göz öňünde tutulan meýilnamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin ähli tagallalary etmegi tabşyrdy.