Şwesiýanyň “AirYacht” atly kompaniýasy howa we deňiz syýahatyny halaýanlar üçin ajaýyp ulagy işläp taýýarlady. Täsin howa gämisi geliý bilen doldurylan ballonly bolup, ýahta hökmünde hem ulanyp bolýar. 12 ýolagça niýetlenen täsin ulagyň içi kiçeňräk restorany ýadyňa salýar. Onuň içinde naharlanmak, rahat oturyp tebigaty synlamak we lezzet almak üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Şeýle-de, onuň içinde rahat dynç almak üçin kürsüler ýerleşdirilendir. Nahar stollary bolsa, tebigaty söýüjileri öýlerindäki ýaly duýmaga mümkinçilik berýär. Uçýan gäminiň ýokary derejedäki amatlylygy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Bu ýahtany suwa gonduryp hem bolýar.
«AirYacht»-yň içi ýolagçylaryň rahatlygy göz öňünde tutulyp, dizaýn edilipdir. «AirYacht»-yň ýolbaşçylary bu uçýan gämileriň 2026-njy ýyla çenli satuwa çykaryljakdygyny belleýär. Haýran galdyryjy gämi eýýämden köpleriň gyzyklanmasyny artdyrdy. Köp adam bu gäminiň ilkinji müşderileri bolmak üçin kompaniýanyň hünärmenlerine ýüz tutupdyr. Heniz bahalary mälim edilmese-de, adamlar uçýan gämä münmäge sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.
Merjen AKMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.