“Samsung” we “Apple” kompaniýalary birnäçe ýyldan bäri mobil enjam bazarynda öňdeligi eýeleýärler. Adatça, “Samsung” enjamlaryň sany boýunça birinji bolýan bolsa, “Apple” girdeji babatda öňdeligi eýeleýär. 2022-nji ýylyň birinji çärýeginde bolsa, “Samsung” iň köp mobil enjam satan kompaniýa bolupdyr. Birnäçe aý ozal bu ugurda “Apple” birinji bolupdy. “Canalys” we “Counterpoint” şereketleriniň taýýarlan maglumatlaryna görä, global bazarda 311,2 million smartfon satylypdyr. Bu smartfonlaryň 73,7 milliony “ Samsung” brendine degişli bolupdyr. Netijede, koreý brendi global bazaryň 23 göterimini eýeläpdir. Satylan telefonlaryň 18 göterimi “Apple” kompaniýasyna degişli bolupdyr. “Samsung”-yň ýokary netije gazanmagynda “Galaxy S22” seriýasynyň täsiriniň uly bolandygy bellenilýär. Bilermenler bu öňdeligiň ýylyň ahyryna çenli dowam etjekdigini, “iPhone 14” seriýasyna degişli smartfonlaryň çykmagy bilen “Apple”-iň öňdeligi gaýtadan eýelejekdigini belleýärler.
Ylham Batyrow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby