Merkezi edarasy Angliýada ýerleşýän “Urban-Air Port” kompaniýasy uçýan ulaglara hyzmat edýän ilkinji wertiportyny (dikligine uçýan kiçi ulaglar üçin howa menzili) açylandygyny mälim etdi. Bu desga uçýan ulaglara, taksilere we dronlara hyzmat eder. Kowentri şäherinde açylan “Air-One Vertiport” atly desga uçýan ulaglaryň merkezine öwrüler.
“Urban-Air Port” kompaniýasy geljek bäş ýylyň dowamynda dünýäniň dürli ýerlerinde 200-den gowrak wertiport açmagy meýilleşdirýändiklerini habar berdi. Bu maksatnama geçen ýylyň oktýabr aýynda tanyşdyrylypdy. Wirtiportlar diňe şäher içinde däl, eýsem, has uzak aralyga gitjek ulaglara hem hyzmat eder. Kompaniýa 2027-nji ýyla çenli Los-Anjelesde, Awstraliýada, Günorta Koreýada, Fransiýada, Germaniýada we Günorta-gündogar Aziýa ýurtlarynda jemi 200 töweregi wertiport gurar. Ýakyn geljekde uçýan ulaglar diňe şäher içindäki däl, eýsem, şäherara gatnawlaryň hem dyknyşygyny azaldar.