Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bi­möç­ber ala­da­sy bi­len mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­miz­de uly orun de­giş­li bo­lan oba ho­ja­ly­gy pu­da­gy­ny ös­dür­mek, kä­mil­leş­dir­mek, ýer eýe­le­ri­niň işe bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­mak bo­ýun­ça ägirt uly iş­ler ama­la aşy­ryl­ýar. Uzak möh­let­le­ýin ýer bö­lek­le­ri­niň be­ril­me­gi, ýo­ka­ry hil­li to­hum, dö­kün, zy­ýan­keş­ler­den go­ra­ýan hi­mi­ki se­riş­de­ler, suw bi­len do­ly üp­jün edil­me­gi, da­şa­ry ýurt­la­ryň iň kä­mil teh­ni­ka­la­ry­nyň, ola­ryň tir­keg gu­ral­la­ry­nyň yzy­gi­der­li sa­tyn al­nyp be­ril­me­gi daý­han­la­ra bol ha­syl ön­dür­mä­ge uly müm­kin­çi­lik ber­ýär. Oba ho­ja­lyk pu­da­gyn­da dur­mu­şa ge­çi­ril­ýän öz­gert­me­ler mak­sat­na­ma­sy ne­ti­je­sin­de ýur­du­myz­da oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň köp gör­nüş­le­ri ös­dü­ri­lip ýe­tiş­di­ril­ýär.

Mu­nuň özi ýur­du­myz­da azyk bol­çu­ly­gy­nyň dö­re­dil­me­gi­ne, yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­my­zyň bar­ha ýo­kar­lan­ma­gy­na giň ýol aç­ýar. Soň­ky ýyl­lar­da oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň köp muk­dar­da ös­dü­rilip ýe­tiş­di­ril­me­gi ýur­du­my­za da­şar­dan ge­ti­ril­ýän ha­ryt­la­ryň möç­be­ri­ni azalt­ma­ga, eks­port edil­ýän önüm­le­riň möç­be­ri­ni art­dyr­ma­ga müm­kin­çi­lik ber­ýär.
«Hal­kyň Ar­ka­dag­ly za­ma­na­sy» ýy­lyn­da we­la­ýa­ty­my­zyň oba ho­ja­lyk­çy­la­ry­nyň ga­dam­la­ry bat­ly. Olar daý­han­lar üçin dö­re­dil­ýän uly müm­kin­çi­lik­ler­den ýer­lik­li we ne­ti­je­li peý­da­lan­mak bi­len, oba ho­ja­lyk ekin­le­ri­niň äh­li gör­nüş­le­rin­den bol ha­syl al­mak ug­run­da ala­da­lan­ýar­lar. Go­wa­ça­nyň, gök-bak­ja ekin­le­ri­niň ide­gi­ni bir­kem­siz ber­jaý edip, ola­ryň ka­da­ly ösü­şi­ni ga­zan­ýar­lar. Şo­nuň ýa­ly hem azyk bol­çu­ly­gyn­da uly orun de­giş­li bo­lan türk­me­niň guş­gur­sak ak bug­da­ýy­ny ke­ma­la ge­tir­mek­de hem baý daý­han­çy­lyk tej­ri­be­si­ni yl­myň ga­za­nan­la­ry bi­len bag­la­nyş­dy­ryp, yh­las­ly zäh­met çek­ýär­ler. Şo­nuň ne­ti­je­sin­de, we­la­ýa­ty­myz­da ak bug­da­ýyň bit­gin­li ha­sy­ly ke­ma­la ge­len, al­tyn­sow reň­ke gi­ren bug­daý­ly meý­dan­la­ry syn­la­nyň­da daý­han aza­by­nyň ýe­ri­ne düş­jek­di­gin­den ha­bar ber­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Da­şo­guz we­la­ýa­tyn­da toý sa­pa­ry­nyň çäk­le­rin­de Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň göç­me mej­li­si­ni ge­çi­rip, Ahal, Ma­ry, Le­bap we­la­ýat­la­ryn­da iýun aýy­nyň 3-ine, Bal­kan, Da­şo­guz we­la­ýat­la­ryn­da iýun aýy­nyň 10-yna gal­la ora­gy­na gi­riş­mä­ge ak pa­ta be­rip, il sy­lag­ly ýa­şu­lu­la­ry­my­za «Bis­si­mil­la» bi­len gal­la ora­gy­na baş­lap ber­me­gi ha­ýyş et­di. Tu­tuş we­la­ýa­ty­my­zyň äh­li gal­la­çy-kä­ren­de­çi­le­ri, beý­le­ki oba ho­ja­lyk pu­da­gy­na de­giş­li iş­çi-hü­när­men­le­ri öň­de dur­ýan gal­la ora­gy möw­sü­mi­ni gu­ra­ma­çy­lyk­ly ge­çir­mek, ýe­tiş­di­ri­len ha­sy­ly gys­ga wagt­da Wa­tan har­ma­ny­na tab­şyr­mak ug­run­da hem­me­ta­rap­la­ýyn taý­ýar­lyk gör­dü­ler.
Biz hem Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň ýer­ler­dä­ki il­kin­ji gu­ra­ma­la­ry bi­len bi­le­lik­de gal­la ora­gy möw­sü­min­de zäh­met adam­la­ry­nyň ara­la­ryn­da bo­lup, ola­ryň işe bo­lan hö­we­si­ni art­dyr­ma­gy, ar­ma­sy­ny ýe­tir­me­gi, öň­de­ba­ry­jy me­ha­ni­za­tor­la­ry, kä­ren­de­çi­le­ri hö­wes­len­dir­me­gi göz öňün­de tut­ýa­rys. Gü­nor­tan­ky ara­kes­me wag­tyn­da meý­dan dü­şel­ge­le­rin­de me­de­ni çä­re­le­ri ge­çir­me­gi me­ýil­leş­dir­ýä­ris. Bu bol­sa möw­sü­miň ýo­ka­ry dep­gin­ler­de git­me­gi­ne, Wa­ta­ny­my­zyň baş baý­lyk­la­ry­nyň bi­ri bo­lan guş­gur­sak ak bug­da­ýy gys­ga wagt­da ýyg­nap, Wa­tan har­ma­ny­na tab­şyr­ma­ga uly müm­kin­çi­lik be­rer. Oba ho­ja­lyk pu­da­gy­ny ös­dür­mek, kä­mil­leş­dir­mek bo­ýun­ça ägirt uly iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän, ha­lal zäh­met çe­kip, eş­ret­li, bo­le­lin dur­muş­da ýa­şa­ma­ga äh­li şert­le­ri dö­re­dip ber­ýän hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ja­ny sag, öm­ri uzak, be­lent ba­şy aman bol­sun, her bir döw­let­li iş­le­ri el­my­da­ma ro­waç al­syn!

Gül­hu­mar HO­JAH­ME­TO­WA,
Türk­me­nis­ta­nyň Ag­rar par­ti­ýa­sy­nyň Da­şo­guz we­la­ýa­ty­nyň Kö­ne­ür­genç et­rap ko­mi­te­ti­niň esa­sy hü­när­me­ni.