Wa­ta­ny­my­zyň yl­my­ny mun­dan beý­läk-de kä­mil­leş­dir­mek işin­de 12-nji iýun äh­mi­ýet­li se­ne­dir. 12-nji iýun­da ýur­du­myz­da giň­den bel­le­nil­ýän baý­ra­ma – Ylym­lar gü­nü­ne ga­bat­la­nyp yl­my mas­la­hat­lar, dür­li çä­re­ler ge­çi­ril­ýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow ta­ra­pyn­dan ama­la aşy­ryl­ýan döw­let gur­lu­şy stra­te­gi­ýa­syn­da, mil­li mak­sat­na­ma­lar­da, yk­dy­sa­dy­ýe­ti in­no­wa­si­on taý­dan ös­dür­mä­ge we san­ly ul­ga­ma ge­çir­mä­ge hem-de ne­ti­je­li in­že­ner­çi­lik çöz­güt­le­ri­ne da­ýan­ma­ga esa­sy orun be­ril­ýär. Hä­zir­ki ta­ry­hy dö­wür­de ýur­du­my­zy ös­dür­me­giň türk­men nus­ga­sy tä­ze maz­mun bi­len baý­laş­dy­ry­lyp, Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň dün­ýä bi­le­le­şi­gi­ne has ynam­ly go­şu­lyş­ma­gy­ny üp­jün et­mek, onuň bäs­deş­li­ge ukyp­ly­ly­gy­ny ýo­kar­lan­dyr­mak we­zi­pe­si döw­let sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tutul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri bo­lup dur­ýar.

Bu we­zi­pe­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de mil­li ylym ul­ga­my özün­de uly müm­kin­çi­lik­le­ri jem­leýär.
Is­len­dik döw­le­tiň, jem­gy­ýe­tiň ösü­şi kä­mil ylym-bi­lim ul­ga­my­ny dö­ret­mek bi­len berk bag­la­ny­şyk­ly­dyr. Döw­rüň öňe sür­ýän ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da san­ly bi­lim kon­sep­si­ýa­sy hä­zir­ki wagt­da dün­ýä jem­gy­ýet­çi­li­gin­de uly ses­len­me dö­red­ýän me­se­le­le­riň bi­ri­dir. Dün­ýä­niň glo­bal­laş­ýan döw­rün­de bi­lim ul­ga­my hem teh­no­lo­gi­ýa­nyň ösüş­le­ri bi­len aýak­daş gal­kyn­ýar. Ga­raş­syz, ba­ky Bi­ta­rap döw­le­ti­mi­ziň bi­lim ul­ga­myn­da hem dün­ýä tej­ri­be­si­ne we mil­li ýö­rel­ge­le­ri­mi­ze la­ýyk­lyk­da ägirt uly öz­gert­me­ler ama­la aşy­ryl­ýar, be­lent sep­git­le­re ýe­til­ýär. Dün­ýä yl­myn­da ga­za­ny­lan iň tä­ze teh­ni­ka­lar, teh­no­lo­gi­ýa­lar önüm­çi­li­ge, bi­li­me güýç­li dep­gin­de or­naş­dy­ryl­ýar. Yl­my ös­dür­mek, onuň hi­li­ni tä­ze, has ýo­ka­ry sep­git­le­re çy­kar­mak ýur­duň teh­ni­ki yk­dy­sa­dy kuw­wa­ty­ny ber­kit­mek­de, hal­kyň me­de­ni de­re­je­si­ni hem-de mad­dy üp­jün­çi­li­gi­ni ýo­kar­lan­dyr­mak­da uly äh­mi­ýe­te eýe­dir. Ýurdu­myz­da ýaş­la­ra ylym-bi­lim we ter­bi­ýe ber­mek­de ze­rur bo­lan äh­li şert­ler dö­re­dil­ýär.
Ýur­du­myz­da «Bi­lim ha­kyn­da», «Yl­my iş­gä­riň hu­kuk ýag­da­ýy ha­kyn­da», «Yl­my eda­ra­lar ha­kyn­da», «Döw­let yl­my-­teh­ni­ki sy­ýa­saty ha­kyn­da», «Yl­my­-teh­no­lo­gi­ýa park­la­ry ha­kyn­da» Türk­me­nis­ta­nyň Ka­nun­la­ry­nyň ka­bul edil­me­gi ýur­du­myz­da yl­myň yg­ty­bar­ly hu­kuk bin­ýa­dy­ny dö­ret­di. Bu ka­nun­çy­lyk na­ma­lar ylym-bi­lim ba­bat­da­ky jem­gy­ýet­çi­lik gat­na­şyk­la­ry­ny düz­gün­leşdir­mek, mak­sat­la­ry­ny, we­zi­pe­le­ri­ni, hyz­mat­la­ry­ny we onuň işi­ni do­lan­dyr­ma­gyň ter­ti­bi­ni hem-de yl­my iş­gär­le­riň hu­kuk­la­ry­ny, borç­la­ry­ny we jo­gap­kär­çi­li­gi­ni, ola­ryň hü­när taý­ýar­ly­gy­na ba­ha ber­me­giň öl­çeg­le­ri­ni, şeý­le-de, yl­my eda­ra­la­ryň hu­kuk ýagda­ýy­ny, mak­sat­la­ry­ny, we­zi­pe­le­ri­ni we yg­ty­ýar­lyk­la­ry­ny, ola­ryň ky­sym­la­ry­ny we gör­nüş­le­ri­ni, yl­my eda­ra­la­ryň işi­niň döw­let ta­ra­pyn­dan düz­gün­leş­di­ril­me­gi­ni kes­git­le­ýär. Ýur­du­my­zyň ylym ul­ga­my­ny ös­dür­me­giň esa­sy nuk­daý­na­zar­la­ry­nyň ara­syn­da yl­my bäs­le­şik­le­riň hem uly äh­mi­ýe­ti bar. Hä­zir­ki wagt­da ýaş­la­ry yl­my bäs­le­şi­ge çek­mek, yl­my-bar­lag eda­ra­la­ry­nyň mad­dy-enjamlaýyn bin­ýa­dy­ny ber­kit­mä­ge, hal­ka­ra yl­my jem­gy­ýe­ti­ne ara­laş­ma­ga, mil­li yl­my gym­mat­lyk­la­ry­my­zy dün­ýä ýaý­mak bo­ýun­ça my­nasyp iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mä­ge ýar­dam ber­ýär. Olar yl­my-bar­lag iş­le­ri pu­dak­la­ýyn ös­dür­me­giň mö­hüm we­zi­pe­le­ri­ni ýe­ri­ne ýe­tirmä­ge, tä­ze teh­no­lo­gi­ýa­la­ry iş­läp düz­mä­ge we or­naş­dyr­ma­ga giň müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär. Ýur­du­myz­da üs­tün­lik­li ama­la aşy­ryl­ýan bi­lim öz­gert­me­le­ri mu­nuň şeý­le­di­gi­ni do­ly tas­syk­la­ýar. Ýurdumyzda ýo­ka­ry okuw mek­dep­le­ri­niň tä­ze döw­re­bap bi­na­la­ry­nyň gur­lup, ula­nyl­ma­ga be­ril­me­gi, ola­ryň kä­mil de­re­je­dä­ki en­jam­lar bi­len üp­jün edil­me­gi ýaş­la­ryň dün­ýä de­re­je­sin­de bi­lim al­mak­la­ryn­da mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar.
Türk­me­nis­ta­nyň ýaş alym­la­ry­nyň we ta­lyp­la­ry­nyň ara­syn­da yl­my iş­ler bo­ýun­ça ge­çi­ril­ýän bäs­le­şi­giň ukyp-ba­şar­nyk­ly, zehin­li ýaş­la­ry ýü­ze çy­kar­mak­da äh­mi­ýe­ti örän ulu­dyr. Ar­ka­dag­ly Ser­da­ry­my­zyň yl­myň mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi döw­re­bap­laşdyr­mak ýo­ly bi­len ös­dür­me­giň, äh­li ugur­lar­da düýp­li öz­gert­me­le­ri üs­tün­lik­li dur­mu­şa ge­çir­me­giň hem-de tä­ze we­zi­pe­le­ri çöz-me­giň aça­ry bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­ma­gy has-da çuň ma­ny-maz­mu­na eýe bo­lup dur­ýar. Ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy ösü­şi­ne iter­gi ber­ýän güýç ylym­da jem­le­nen. Diý­mek, bag­ty­ýar­lyk za­ma­na­myz­da ata Wa­ta­ny­my­zyň dün­ýä ýaň sal­ýan ösüş­le­ri­niň hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň ta­gal­la­sy bi­len döw­le­ti­miz­de mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­zi yl­my esas­da saz­la­şyk­ly ös­dür­mek ýö­rel­ge­sinden ugur al­nan­dy­gy­nyň we bu ýö­rel­gä gy­şar­nyk­syz eýe­ril­ýän­di­gi­niň ne­ti­je­si di­ýip ynam­ly aýt­mak bo­lar. Hut şu ha­ky­kat bilen bag­la­ny­şyk­ly­lyk­da «Türk­me­nis­tan­da 2019–2025-nji ýyl­lar­da san­ly yk­dy­sa­dy­ýe­ti ös­dür­me­giň Kon­sep­si­ýa­sy» ýur­du­myzyň önüm­çi­lik pu­dak­la­ryn­da we hyz­mat­lar ba­za­ryn­da yl­ma da­ýan­mak bi­len san­ly ul­ga­myň giň­den or­naş­dy­ryl­ma­gy üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri aç­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz türk­men yl­my­ny dün­ýä de­re­je­si­ne çy­kar­ma­gyň, şeý­le hem hä­zir­ki za­man in­nowa­si­on teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň önüm­çi­li­ge or­naş­dy­ryl­ma­gy­nyň ze­rur­dy­gy­ny nyg­ta­ýar.
Bu bol­sa türk­men alym­la­ry­nyň öňün­de mun­dan beý­läk­-de, mil­li yl­my­my­zy döw­re­bap gu­ra­mak, ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň äh­li ugur­la­ry­nyň iş­le­ri­ni iler­let­me­gi yl­my esas­da alyp bar­mak, şeý­le hem äh­li pu­dak­lar­da tä­ze öň­de­ba­ry­jy teh­no­lo­gi­ýa­la­ry önüm­çi­li­ge or­naş­dyr­mak, ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän yl­my iş­le­riň ne­ti­je­li­li­gi­ni art­dyr­mak, yl­my iş­gär­le­ri hö­wes­len­dir­mek ba­ba­tyn­da uly we­zi­pe­le­ri goý­ýar. Hä­zir­ki wagt­da il-ýurt, se­bit we dün­ýä äh­mi­ýet­li iri tas­la­ma­la­ryň ama­la aşy­ryl­ma­gy, gu­rul­ýan aw­to­mo­bil we de­mir ýol­la­ry, gaz we ne­bit ge­çi­ri­ji­ler, dür­li mak­sat­ly fab­rik­ler we za­wod­lar, mek­dep­ler, has­sa­ha­na­lar we sag­lyk öý­le­ri, ýa­şaýyş jaý­la­ry we beý­le­ki me­de­ni mak­sat­ly des­ga­lar mil­li yk­dy­sa­dy­ýe­ti­mi­ziň yl­my esas­da saz­la­şyk­ly ös­ýän­di­gin­den ha­bar berýär. Önüm­çi­li­giň äh­li pu­dak­la­ry­na yl­myň we öň­de­ba­ry­jy tej­ri­bä­niň ga­za­nan­la­ry­nyň or­naş­dy­ryl­ma­gy we iň tä­ze teh­ni­ki hem teh­no­lo­gi­ki en­jam­la­ryň ne­ti­je­li ula­nyl­ma­gy bi­ziň ýe­ten be­lent sep­git­le­ri­miz­de, ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­miz­de mö­hüm äh­mi­ýe­te eýe bo­lup dur­ýar.

Araz­bi­ke Sö­ýü­no­wa,
«Da­şo­guz­poç­ta» we­la­ýat kär­ha­na­sy­nyň poç­ta da­şa­ýan bö­lü­mi­niň ope­ra­to­ry,

KA-nyň il­kin­ji gu­ra­ma­sy­nyň baş­ly­gy.