9-njy iýunda wideoaragatnaşyk arkaly Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Owganystanyň meseleleri boýunça ABŞ-nyň Ýörite wekili Tomas West bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýy kadalaşdyrmak boýunça ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda özara hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň bu ugurdaky işlere işjeň gatnaşýandygy hem-de netijeli teklipleri we başlangyçlary öňe sürýändigi bellenildi.

Owganystanda parahatçylygyň we howpsuzlygyň üpjün edilmegi üçin ugurlaryň bilelikde işlenilip düzülmeginiň hem-de bu ýurt bilen ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.