Argentinaly super ýyldyz Lionel Messi aktýorçylyga baş goşdy. Has takygy, PSŽ-niň ýyldyz oýunçysy Argentinada görkezilýän meşhur teleserialda kiçeňräk keşp janlandyrdy. Parižde geçirilen surata düşüriliş işlerinden soň “Star+” teleýaýlymynyň önümi bolan bu serialyň 2-nji möwsüminiň bölümleri geljek ýyl efire berler. Messiniň epizod keşpde surata düşen serialy “Goragçylar” (Les Protectores) diýlip atlandyrylýar.
Ýeri gelende aýtsak, Lionel Messi wagtal-wagtal “Adidas”, “Pepsi”, “Lay’s” ýaly dünýäde tanalýan uly brendleriň mahabat wideolarynda-da surata düşýär.