14-15-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynda resmi sapar bilen boldy we goňşy döwletiň ýolbaşçy düzümleri bilen ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.

«Saa­da­bad» top­lu­my­nyň «Jum­hu­ri» Köş­gü­niň öňün­dä­ki meý­dan­ça­da be­lent mer­te­be­li myh­ma­ny res­mi gar­şy­la­mak da­ba­ra­sy bol­dy. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow we Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si bi­rek-bi­rek bi­len do­gan­lar­ça gö­rüş­di­ler.
Da­ba­ra­dan soň­ra iki ýur­duň Li­der­le­ri­niň iki­çäk gör­nüş­dä­ki du­şu­şy­gy bol­dy. Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si hor­mat­ly Prezidentimiz Ser­dar Berdimuhamedowa Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­na gel­mek ba­ra­da­ky ça­ky­ly­gy ka­bul eden­di­gi üçin ho­şal­lyk bil­dir­di hem-de be­lent mer­te­be­li türk­men myh­ma­ny­ny Täh­ran­da gör­ýän­di­gi­ne şat­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Eý­ra­nyň hal­ky dost­luk­ly türk­men hal­ky­nyň Ga­raş­syz­lyk ýyl­la­ry için­de ga­za­nan üs­tün­lik­le­ri­ne gu­wan­ýar. Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň aý­dy­şy ýa­ly, onuň ýur­dun­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň bu sa­pa­ry­na aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Bu ge­zek­ki gep­le­şik­ler ne­ti­je­li döw­le­ta­ra hyz­mat­daş­ly­gyň pug­ta bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýän ga­dy­my dost­luk we hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk gat­na­şyk­la­ry­nyň üýt­gew­siz­di­gi­ni ala­mat­lan­dyr­ýar.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow mä­hir­li ka­bul edi­len­di­gi we eý­ran top­ra­gyn­da bil­di­ri­len myh­man­sö­ýer­lik üçin do­gan­lyk ýur­duň Baş­tu­ta­ny­na min­net­dar­lyk bil­di­rip, şu ýyl Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da dip­lo­ma­tik gat­na­şyk­la­ryň ýo­la go­ýul­ma­gy­na 30 ýy­lyň dol­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Şu ýyl­la­ryň için­de iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ryň dür­li ugur­lar bo­ýun­ça ös­dü­ri­len­di­gi­ni ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si­ni bu şan­ly se­ne my­na­sy­bet­li tüýs ýü­rek­den gut­la­dy.
Türk­me­nis­ta­nyň da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ile­ri tu­tul­ýan ugur­la­ry­nyň bi­ri dün­ýä döw­let­le­ri, il­kin­ji no­bat­da, ýa­kyn goň­şu­lar bi­len bi­rek-bi­re­ge hor­mat goý­ma­ga esas­lan­ýan gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek­den yba­rat­dyr. Şun­da Türk­me­nis­tan Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy bi­len iki­ta­rap­la­ýyn gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mä­ge we ber­kit­mä­ge uly üns ber­ýär di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di. Ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da sy­ýa­sy-dip­lo­ma­tik, söw­da-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer ugur­lar bo­ýun­ça ne­ti­je­li hyz­mat­daş­lyk edil­ýär. Bu gat­na­şyk­lar hä­zir­ki wag­ta çen­li iki döw­le­tiň ara­syn­da gol çe­ki­len bir­nä­çe döw­le­ta­ra, hö­kü­me­ta­ra we pu­da­ga­ra res­mi­na­ma­lar­da öz be­ýa­ny­ny tap­dy.
Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy Türk­me­nis­ta­nyň öň­den gel­ýän iri söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­da­şy­dyr. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýan­gyç-ener­ge­ti­ka, ulag-ara­gat­na­şyk, oba ho­ja­ly­gy ýa­ly pu­dak­lar­da oňyn gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­ýän­di­gi bel­le­nil­di. Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki türk­men-eý­ran hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­na mö­hüm orun de­giş­li­dir, onuň çäk­le­rin­de äh­li ugur­lar bo­ýun­ça hyz­mat­daş­lyk iş­jeň al­nyp ba­ryl­ýar.
Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne uly äh­mi­ýet be­ril­ýär. Yzy­gi­der­li ge­çi­ril­ýän Me­de­ni­ýet gün­le­ri, iki goň­şy ýur­duň me­de­ni­ýet we sun­gat us­sat­la­ry­nyň, dö­re­di­ji­lik iş­gär­le­ri­niň gat­naş­ma­gyn­da ge­çi­ril­ýän hal­ka­ra fes­ti­wal­lar­dyr ser­gi­ler mu­nuň my­sa­ly bo­lup dur­ýar. Iki dost­luk­ly ýur­duň iri hal­ka­ra we se­bit gu­ra­ma­la­ry­nyň, şol san­da Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň çäk­le­rin­dä­ki hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ne­ti­je­li hä­si­ýe­ti bel­le­nil­di.
Du­şu­şy­gyň do­wa­myn­da hormatly Prezidentimiz Türk­me­nis­ta­nyň Eý­ran bi­len gat­na­şyk­la­ry dür­li ugur­lar bo­ýun­ça gel­jek­de-de ne­ti­je­li ös­dür­mek üçin bi­le­lik­dä­ki iş­le­ri do­wam et­dir­mä­ge he­mi­şe taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy we dost-do­gan­lyk ýö­rel­ge­le­ri­ne esas­lan­ýan döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry ber­kit­mek ba­bat­da ed­ýän şah­sy ta­gal­la­sy, aý­ra­tyn ün­si üçin Prezident Se­ýed Eb­ra­him Rai­sä min­net­dar­lyk bil­dir­di. Pur­sat­dan peý­da­la­nyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz eý­ran­ly kär­de­şi­ni özi üçin amat­ly wagt­da Türk­me­nis­ta­na res­mi sa­par bi­len gel­mä­ge ça­gyr­dy.
Şeý­le-de, iki­ta­rap­la­ýyn gör­nüş­de bol­şy ýa­ly, ab­raý­ly hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň çäk­le­rin­de ýo­la go­ýul­ýan hyz­mat­daş­ly­gyň giň ugur­la­ry bo­ýun­ça iş­jeň pi­kir al­şyl­dy. Öza­ra gy­zyk­lan­ma bil­di­ril­ýän se­bi­ta­ra we hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň wa­jyp me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy.
Soň­ra gep­le­şik­ler Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýet­le­ri­niň ag­za­la­ry­nyň gat­naş­ma­gyn­da gi­ňiş­le­ýin dü­züm­de do­wam et­di.
Türk­men myh­man­la­ry bi­len mä­hir­li sa­lam­la­şyp, Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Raisi Eý­ra­nyň özü­niň yg­ty­bar­ly hyz­mat­da­şy we hoş­ni­ýet­li dos­ty ha­sap­la­ýan goň­şu­sy bo­lan Türk­me­nis­ta­nyň Pre­zi­den­ti Ser­dar Berdimuhamedowy hem-de we­kil­çi­lik­li to­pa­ry­ny ka­bul et­mä­ge he­mi­şe şat­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Eý­ran Lideri no­bat­da­ky sa­pa­ryň goň­şy ýur­duň döw­let Baştutanynyň iň ýo­ka­ry we­zi­pe­de Täh­ra­na gu­ran il­kin­ji sa­pa­ry­dy­gy­ny nyg­tap, bu ge­zek­ki gep­le­şik­le­riň hä­zir­ki dö­wür­de hil taý­dan tä­ze de­re­jä çy­ka­ry­lan iki­ta­rap­la­ýyn sy­ýa­sy-yk­dy­sa­dy we me­de­ni-yn­san­per­wer hyz­mat­daş­ly­gy mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek­de äh­mi­ýet­li bol­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Eý­ran-türk­men hyz­mat­daş­ly­gy­nyň öza­ra gat­na­şyk­la­ryň köp ýyl­lyk tej­ri­be­si­ne da­ýan­ýan yg­ty­bar­ly bin­ýa­dy­nyň bar­dy­gy­ny bel­läp, Eý­ra­nyň Baş­tu­ta­ny onuň äh­li ugur­lar bo­ýun­ça ös­dü­ril­jek­di­gi­ne ynam bil­dir­di. Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry ba­ra­da aý­dyp, Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mä­ge gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň sy­ýa­sy er­ke esas­lan­ýan­dy­gy­ny nyg­ta­dy. Bu mak­sat­lar de­giş­li Yla­la­şyk­lar we Äht­na­ma­lar bi­len ber­ki­di­len şert­na­ma­la­ryň üs­tün­lik­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ne ýar­dam be­rer.
Ulag-kom­mu­ni­ka­si­ýa pu­da­gy we ener­ge­ti­ka ul­ga­my iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň esa­sy ugur­la­ry­nyň bi­ri hök­mün­de gör­ke­zil­di. Soň­ky ýyl­lar­da eme­le ge­len dü­züm­le­riň müm­kin­çi­lik­le­ri­niň ne­ti­je­li peý­da­la­nyl­ma­gy bu ugur­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ber­ki­dil­me­gi­ne tä­si­ri­ni ýe­ti­rer. Bar bo­lan müm­kin­çi­lik­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de bi­le­lik­dä­ki ta­gal­la­la­ryň ut­gaş­dy­ryl­ma­gy ýa­kyn wagt­da söw­da-yk­dy­sa­dy ugur­da­ky eý­ran-türk­men gat­na­şyk­la­ry­nyň hil taý­dan tä­ze de­re­jä çyk­ma­gy­ny üp­jün eder we öza­ra ha­ryt do­la­ny­şy­gy­nyň muk­da­ry­ny art­dy­rar, pu­dak­la­ryň kö­pu­gur­ly esas­da ös­dü­ril­me­gi­ne giň ýol açar.
Yn­san­per­wer ugur­da­ky hyz­mat­daş­lyk döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ug­ry bo­lup dur­ýar. Dün­ýä me­de­ni­ýe­ti­ne ägirt uly go­şant go­şan eý­ran we türk­men halk­la­ry­nyň baý ta­ry­hy-me­de­ni mi­ra­sy bu ba­bat­da oňyn müm­kin­çi­lik­le­ri üp­jün ed­ýär.
Hal­ka­ra sy­ýa­sa­tyň gün ter­ti­bi­niň esa­sy me­se­le­le­ri­niň çöz­gü­di­ne bo­lan ga­ra­ýyş­la­ryň we çe­me­leş­me­le­riň ýa­kyn­dy­gy­ny ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­läp, Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­si ta­rap­la­ryň se­bit­de pa­ra­hat­çy­ly­gy hem-de dur­nuk­ly­ly­gy pug­ta­lan­dyr­ma­ga, öza­ra yna­nyş­mak we dü­şü­niş­mek ýag­da­ýy­ny eme­le ge­tir­mä­ge bo­lan iki­ta­rap­la­ýyn gy­zyk­lan­ma­la­ry­nyň äh­mi­ýet­li­di­gi­ni aý­ra­tyn nyg­ta­dy. Täh­ran­da ýo­ka­ry de­re­je­de ge­çi­ri­len gep­le­şik­le­riň iki goň­şy döw­le­tiň ara­syn­da­ky öza­ra bäh­bit­li gat­na­şyk­la­ryň mun­dan beý­läk-de ös­dü­ril­me­gi­ne kuw­wat­ly iter­gi ber­jek­di­gi­ne ynam bil­di­rip, Eý­ra­nyň Baş­tu­ta­ny çy­kyş et­mek üçin hormatly Pre­zi­den­ti­mi­ze söz ber­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedow mä­hir­li gar­şy­lap, gör­ke­zen myh­man­sö­ýer­li­gi hem-de bi­le­lik­de iş­le­mä­ge dö­re­den oňaý­ly şert­le­ri üçin Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti Se­ýed Eb­ra­him Rai­sä Türk­me­nis­ta­nyň we­ki­li­ýe­ti­niň adyn­dan min­net­dar­lyk bil­dir­di. Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz, il­ki bi­len, bu sa­pa­ryň Türk­me­nis­ta­nyň döw­let Baştutany hök­mün­de Eý­ra­na ama­la aşy­ran il­kin­ji res­mi sa­pa­ry­dy­gy­ny bel­läp, onuň şu du­şu­şy­ga aý­ra­tyn ma­ny ber­jek­di­gi­ne ün­si çek­di.

Iki hal­kyň ara­syn­da­ky hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, dost-do­gan­lyk we öza­ra dü­şü­niş­mek gat­na­şyk­la­ry­nyň ber­ki­dil­ýän­di­gi we ös­dü­ril­ýän­di­gi ka­na­gat­lan­ma bi­len bel­le­nil­di. Iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­ga hil taý­dan tä­ze iter­gi be­ril­ýär, me­de­ni-yn­san­per­wer gat­na­şyk­la­ryň yzy­gi­der­li ös­me­gi­ne ze­rur şert­ler dö­re­dil­ýär. Döw­le­ta­ra, hö­kü­me­ta­ra we pu­da­ga­ra res­mi­na­ma­lar iki ýur­duň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň şert­na­ma-hu­kuk bin­ýa­dy­ny eme­le ge­tir­ýär.
Da­şa­ry sy­ýa­sy ugur­da, il­kin­ji no­bat­da, hal­ka­ra we se­bit howp­suz­ly­gy­ny, dur­nuk­ly­ly­gy­ny ber­kit­mek bi­len bag­ly ga­ra­ýyş­lar ne­ti­je­li öza­ra he­re­ket­le­riň esa­sy bo­lup dur­ýar. Hä­zir­ki şert­ler­de ýurt­la­ry­my­zyň Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň, Ys­lam Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, Yk­dy­sa­dy Hyz­mat­daş­lyk Gu­ra­ma­sy­nyň, beý­le­ki hal­ka­ra we se­bit dü­züm­le­ri­niň çäk­le­rin­dä­ki öza­ra gat­na­şyk­la­ry­ny mun­dan beý­läk-de gi­ňelt­mek mö­hüm bo­lup dur­ýar. Bi­ziň ýur­du­my­zyň bi­ta­rap da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­ny yzy­gi­der­li gol­da­ýan­dy­gy we Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Baş As­samb­le­ýa­syn­da Türk­me­nis­ta­nyň baş­lan­gy­jy bi­len öňe sür­len Ka­rar­na­ma­la­ryň ka­bul edil­me­gin­de aw­tor­daş bo­lup çy­kyş eden­di­gi üçin Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ýol­baş­çy­la­ry­na min­net­dar­lyk bil­dir­mek is­le­ýä­rin di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di.
Bi­ziň sy­ýa­sy we dip­lo­ma­tik ugur­da­ky öza­ra he­re­ket­le­ri­miz­de hä­zir­ki za­ma­nyň howp­la­ry­na – hal­ka­ra ter­ror­çy­ly­ga, ne­şe se­riş­de­le­ri­niň bi­ka­nun do­la­ny­şy­gy­na we gu­ra­ma­çy­lyk­ly je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mä­ge esa­sy orun be­ril­ýär. Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ra­nyň ara­syn­da­ky döw­let ser­he­di dost­lu­gyň we hoş­ni­ýet­li­li­giň ser­he­di­dir. Ýurt­la­ry­my­zyň ara­syn­da­ky ser­het we beý­le­ki de­giş­li ul­gam­lar­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek bi­len bag­ly äh­li me­se­le­le­ri düýp­li ara alyp mas­la­hat­laş­mak ze­rur bo­lup dur­ýar. Şu mak­sat bi­len, şu ýy­lyň ikin­ji ýa­ry­myn­da Aş­ga­bat şä­he­rin­de Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň ara­syn­da Kon­sul­lyk, ser­het we güm­rük me­se­le­le­ri bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki hö­kü­me­ta­ra to­pa­ryň mej­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi tek­lip edil­di.
Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ry­myz­da Ha­zar deň­zi­ni pa­ra­hat­çy­lyk, hoş­ni­ýet­li goň­şu­çy­lyk, yla­laş­dy­ry­jy­lyk we öza­ra bäh­bit­li hyz­mat­daş­lyk gi­ňiş­li­gi­ne öwür­mä­ge aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Do­ly kuw­wa­tyn­da iş­le­ýän Ha­zar ulag ul­ga­my­nyň dö­re­dil­me­gi­niň bi­ziň ýurt­la­ry­myz­dan bir­nä­çe ýö­ri­te­le­şen we­zi­pe­le­riň çö­zül­me­gi­ni ta­lap ed­ýän­di­gi gür­rüň­siz­dir di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bel­le­di we Türk­me­nis­ta­nyň hyz­mat­daş­lar bi­len nyrh ýe­ňil­lik­le­ri­ni hö­dür­le­mek, güm­rük amal­la­ry­ny ýe­ňil­leş­dir­mek, mil­li ope­ra­tor­la­ryň ara­syn­da ne­ti­je­li öza­ra gat­na­şyk­la­ry ýo­la goý­mak ýa­ly, mö­hüm me­se­le­ler bo­ýun­ça işe baş­la­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny nyg­ta­dy.
Ne­şe se­riş­de­le­ri­niň bi­ka­nun do­la­ny­şy­gy­na, ser­he­tüs­ti je­na­ýat­çy­ly­ga gar­şy gö­reş­mek, eko­lo­gi­ýa, in­no­wa­si­ýa­lar we yn­san­per­wer ul­gam­lar­da ne­ti­je­li hyz­mat­daş­ly­gyň ýo­la go­ýul­ma­gy ba­bat­da aý­dyp, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz bu we­zi­pe­le­riň äh­li­si­niň şu ýyl Türk­me­nis­tan­da ge­çi­ril­me­gi me­ýil­leş­di­ril­ýän Ha­zar­ýa­ka döw­let­le­riň Baş­tu­tan­la­ry­nyň VI sam­mi­ti­niň do­wa­myn­da ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­jak­dy­gy­na ynam bil­dir­di.
Ow­ga­nys­ta­na ýar­dam et­mek bo­ýun­ça hal­ka­ra ta­gal­la­la­ry iş­jeň gol­da­mak bi­len, goň­şy ýurt­lar bo­lup, ow­gan me­se­le­si bo­ýun­ça iş­jeň gat­na­şyk­la­ry do­wam et­dir­me­giň mö­hüm­di­gi­ni bel­le­mek is­le­ýä­rin. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, ýa­kyn wagt­da Türk­me­nis­ta­nyň we Eý­ra­nyň Ow­ga­nys­tan bo­ýun­ça ýö­ri­te we­kil­le­ri­niň du­şu­şy­gy­ny ge­çir­mek müm­kin­çi­li­gi­ne se­re­dil­me­gi­ni tek­lip ed­ýä­rin di­ýip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz sö­zü­ni do­wam et­di.
Döw­le­ta­ra gat­na­şyk­lar ba­ra­da aý­dyp, döw­let Baş­tu­ta­ny­myz şu gep­le­şik­le­re iki ýur­duň ara­syn­da­ky yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­ly­gyň tä­ze tap­gy­ry­na ba­dal­ga ber­ýän wa­ka hök­mün­de do­ly esas bi­len ga­ral­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ulag ul­ga­my­ny uzak möh­let­le­ýin hyz­mat­daş­ly­gyň äh­mi­ýet­li ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da kes­git­le­mek bi­len, bi­ziň ýur­du­my­zyň Eý­ra­ny De­mir­ga­zyk–Gü­nor­ta de­mir ýo­ly bo­ýun­ça Pars aý­la­gy­nyň port­la­ry­na çen­li iň gys­ga ýol hök­mün­de esa­sy hyz­mat­da­şy ha­sap­la­ýan­dy­gy­ny bel­le­di. Bu ugur­da al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­ri iş­jeň­leş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, Ga­za­gys­tan–Türk­me­nis­tan–Eý­ran de­mir ýo­lu­nyň ägirt uly müm­kin­çi­lik­le­ri­ni göz öňün­de tu­tup, iki ýur­duň ara­syn­da Ulag bo­ýun­ça hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry dö­ret­mek ba­ra­da­ky baş­lan­gyç öňe sü­rül­di.
Öz­be­gis­tan–Türk­me­nis­tan–Eý­ran–Oman–Ka­tar ulag ge­çel­ge­si­niň tas­la­ma­sy­ny gys­ga wagt­da dur­mu­şa ge­çir­mek üçin ta­gal­la­la­ryň güýç­len­di­ril­me­gi ze­rur bo­lup dur­ýar. Mä­lim bol­şy ýa­ly, bu tas­la­ma Hin­dis­tan we Ga­za­gys­tan hem res­mi taý­dan go­şul­dy. Bi­ziň döw­let­le­ri­mi­ziň ara­syn­da ga­zy «swop» gör­nü­şin­de iber­mek bo­ýun­ça ga­za­ny­lan yla­la­şyk­la­ra ýo­ka­ry ba­ha ber­lip, iki ýur­duň de­giş­li eda­ra­la­ry­na ga­zyň «swop» bo­ýun­ça üçün­ji ýurt­la­ra ibe­ril­me­gi­niň öw­re­nil­me­gi tek­lip edil­di.
Elekt­rik ener­gi­ýa­sy pu­da­gyn­da iki ýur­duň ara­syn­da­ky Ma­ry–Ma­şat ýo­ka­ry wolt­ly elekt­rik ul­ga­my­nyň eý­ran bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy­nyň ta­mam­la­nan­dy­gy­ny hem-de ulan­ma­ga taý­ýar­dy­gy­ny göz öňün­de tu­tup, hä­zir­ki wagt­da bu ul­ga­myň türk­men bö­le­gi­niň gur­lu­şy­gy­na ýa­kyn wagt­da baş­la­mak me­se­le­si­ne se­re­dil­ýär. Türk­me­nis­tan şu ýyl Eý­ra­nyň ener­go­ul­ga­my ar­ka­ly türk­men elekt­rik ener­gi­ýa­sy­ny üçün­ji ýurt­la­ra iber­mä­ge baş­la­ma­gy tek­lip ed­ýär.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz oba ho­ja­ly­gy we suw pu­da­gyn­da hyz­mat­daş­lyk üçin uly gel­je­giň bar­dy­gy­ny aý­dyp, bu ba­bat­da «Dost­luk» suw how­da­ny­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ni peý­da­lan­mak me­se­le­le­ri­ne ün­si çek­di hem-de Türk­me­nis­tan bi­len Eý­ra­nyň ara­syn­da Suw se­riş­de­le­ri­ni do­lan­dyr­mak bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ut­gaş­dy­ry­jy to­pa­ryň dö­re­dil­me­gi­ni tek­lip et­di. Iki­ta­rap­la­ýyn söw­da-yk­dy­sa­dy gat­na­şyk­la­ryň iş­jeň­leş­di­ril­me­gi we hil taý­dan ös­dü­ril­me­gi üçin, Yk­dy­sa­dy hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça türk­men-eý­ran hö­kü­me­ta­ra to­pa­ry­nyň işi­ne aý­ra­tyn jo­gap­kär­çi­lik düş­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, şu ýy­lyň güý­zün­de bu to­pa­ryň no­bat­da­ky mej­li­si­niň ge­çi­ril­me­gi tek­lip edil­di.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz çy­ky­şy­ny jem­läp, ne­ti­je­li iş­le­mek üçin dö­re­di­len müm­kin­çi­lik we öza­ra gat­na­şyk­la­ryň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­ma­ga bo­lan gy­zyk­lan­ma­lar, şeý­le-de Türk­me­nis­tan bi­len hyz­mat­daş­ly­gyň ber­ki­dil­me­gi­ne yzy­gi­der­li üns ber­ýän­di­gi üçin, Pre­zi­dent Se­ýed Eb­ra­him Rai­sä we EYR-nyň we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry­na min­net­dar­lyk bil­dir­di. Eý­ra­nyň dost­luk­ly hal­ky­na bol­sa pa­ra­hat­çy­lyk hem-de ro­waç­lyk ar­zuw edil­di.

Res­mi­na­ma­la­ryň bir­nä­çe­si­ne gol çe­kil­di
Gep­le­şik­ler ta­mam­la­nan­dan soň­ra iki­ta­rap­la­ýyn res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Pre­zi­dent­ler Ser­dar Berdimuhamedow we Se­ýed Eb­ra­him Rai­si da­ba­ra gat­naş­ýan­la­ryň şow­hun­ly el çar­pyş­ma­la­ry as­tyn­da res­mi sa­pa­ryň jem­le­ri bo­ýun­ça Bi­le­lik­dä­ki Be­ýan­na­ma gol çek­di­ler.
Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da ulag we üs­ta­şyr hyz­mat­daş­ly­gy ös­dür­mek bo­ýun­ça öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Ma­ýa go­ýum­lar bo­ýun­ça bi­le­lik­dä­ki ko­mi­te­ti dö­ret­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Ma­li­ýe we yk­dy­sa­dy­ýet mi­nistr­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ma­ýa go­ýum­lar, yk­dy­sa­dy we teh­ni­ki kö­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­me­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Hö­kü­me­ti­niň ara­syn­da 2022–2025-nji ýyl­lar­da yl­my, me­de­ni, dö­re­di­ji­lik we bi­lim taý­dan alyş­ma­gyň Mak­sat­na­ma­sy; Hyz­mat­daş­lyk et­mek bo­ýun­ça Türk­me­nis­ta­nyň Te­le­wi­de­ni­ýe, ra­dio­gep­le­şik­ler we ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa ba­ra­da­ky döw­let ko­mi­te­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Te­le­ra­dio­gep­le­şik­ler ba­ra­da­ky gu­ra­ma­sy­nyň (IRIB) ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Oba ho­ja­lyk we daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Daş­ky gur­şaw de­par­ta­men­ti­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ma­ry we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ho­ra­san-Re­za­wi we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Bal­kan we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Gü­lüs­tan we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma; Söw­da-yk­dy­sa­dy, yl­my-teh­ni­ki we me­de­ni hyz­mat­daş­lyk ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Ahal we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ho­ra­san-Şo­ma­li we­la­ýa­ty­nyň hä­kim­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di.
Şeý­le-de, Türk­me­nis­ta­nyň Hö­kü­met we­ki­li­ýe­ti­niň ag­za­la­ry Täh­ran­da eý­ran kär­deş­le­ri bi­len du­şu­şyk­la­ry we gep­le­şik­le­ri ge­çir­di­ler. Şo­la­ryň do­wa­myn­da dür­li ugur­lar­da­ky iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň mö­hüm me­se­le­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Gep­le­şik­le­riň jem­le­ri bo­ýun­ça res­mi­na­ma­lar top­lu­my­na gol çe­kil­di. Şo­la­ryň ha­ta­ryn­da güm­rük eda­ra­la­ry bo­ýun­ça öza­ra gat­na­şyk­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly yla­la­şyk­lar bar. Ol Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let güm­rük gul­lu­gy bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Güm­rük mü­dir­li­gi­niň ara­syn­da güm­rük mag­lu­mat­la­ry­ny elekt­ron gör­nüş­de alyş­ma­gyň teh­ni­ki şert­le­ri­ni öz içi­ne al­ýar. Dur­muş ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk bo­ýun­ça de­giş­li yla­la­şyk­lar ga­za­nyl­dy. Şun­da Zäh­met, iş bi­len üp­jün­çi­lik we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak ba­bat­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Türk­me­nis­ta­nyň Zäh­met we ila­ty dur­muş taý­dan go­ra­mak mi­nistr­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Koo­pe­ra­tiw­ler, zäh­met we dur­muş aba­dan­çy­ly­gy mi­nistr­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di.
Iki­ta­rap­la­ýyn gep­le­şik­le­riň çäk­le­rin­de iki ýur­duň öň­de­ba­ry­jy ha­bar­lar agent­lik­le­ri­niň ara­syn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da yla­la­şyk ga­za­nyl­dy. Türk­me­nis­ta­nyň Döw­let ha­bar­lar agent­li­gi bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ha­bar be­riş agent­li­gi­niň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­di. Me­de­ni-yn­san­per­wer, hu­su­san-da, ylym-bi­lim ul­ga­myn­da­ky hyz­mat­daş­lyk döw­le­ta­ra gat­na­şyk­la­ryň mö­hüm ugur­la­ry­nyň ha­ta­ryn­da gör­ke­zil­di. Hyz­mat­daş­lyk et­mek ba­ra­da Türk­me­nis­ta­nyň Ylym­lar aka­de­mi­ýa­sy­nyň Mag­tym­gu­ly adyn­da­ky Dil, ede­bi­ýat we mil­li gol­ýaz­ma­lar ins­ti­tu­ty bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ar­hiw­ler we mil­li ki­tap­ha­na gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­kil­me­gi mu­nuň aý­dyň my­sa­ly­dyr.
Şeý­le-de, ýurt­la­ry­myz ulag-ara­gat­na­şyk ul­ga­myn­da­ky gat­na­şyk­la­ryň ös­dü­ril­me­gi­ne mö­hüm äh­mi­ýet ber­ýär­ler. Täh­ran­da de­giş­li dü­züm­le­riň we­kil­le­ri­niň ara­syn­da ge­çi­ri­len du­şu­şyk­lar­da bu ugur­da­ky gat­na­şyk­la­ry iş­jeň­leş­dir­me­giň müm­kin­çi­lik­le­ri ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy we «Türk­me­nis­ta­nyň Ulag-lo­gis­ti­ka mer­ke­zi» açyk gör­nüş­li paý­dar­lar jem­gy­ýe­ti bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň «Ra­san Ra­il Pars Co.» hem-de «Wa­gon Bar Cas­pi­an» kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ara­syn­da hal­ka­ra ýük da­şa­ma­lar ba­ba­tyn­da hyz­mat­daş­lyk et­mek ha­kyn­da Äht­na­ma­la­ra gol çe­kil­di. Ýur­du­my­zyň işe­wür dü­züm­le­ri ta­ra­pyn­dan hal­ka­ra hyz­mat­daş­ly­gy­nyň ös­dü­ril­me­gi­ne aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Şu­nuň bi­len bag­ly­lyk­da, Türk­me­nis­ta­nyň Se­na­gat­çy­lar we te­le­ke­çi­ler bir­leş­me­si bi­len Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ki­çi kär­ha­na­lar we se­na­gat şä­her­çe­le­ri gu­ra­ma­sy­nyň ara­syn­da öza­ra dü­şü­niş­mek ha­kyn­da Äht­na­ma gol çe­ki­len­di­gi­ni bel­le­mek ge­rek.
Res­mi­na­ma­la­ra gol çek­mek da­ba­ra­sy ta­mam­la­nan­dan soň­ra, döw­let Baş­tu­tan­la­ry met­bu­gat üçin gys­ga­ça ýüz­len­me bi­len çy­kyş et­di­ler.
Sa­pa­ryň do­wa­myn­da döw­let Baş­tu­ta­ny­my­zyň Eý­ra­nyň Be­ýik ru­hy li­de­ri Aýa­tol­la Ali Ha­me­ne­ýi we Eý­ran Ys­lam Res­pub­li­ka­sy­nyň Ys­lam Şu­ra­sy Mej­li­si­niň Baş­ly­gy Mo­ham­med Ba­ger Ga­li­baf bi­len du­şu­şy­gy bol­dy.