14-nji iýunda Manama şäherinde Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, bahreýn tarapyna Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministriniň Halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa ýolbaşçylyk etdiler.
Geňeşmeleriň dowamynda diplomatlar iki döwletiň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny nygtadylar. Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň berkidilmegi üçin parlament wekiliýetleri bilen alyşmagyň zerurdygyny bellediler.
Ykdysady, söwda we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-bahreýn toparynyň işiniň ähmiýetini belläp, diplomatlar iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda, şol sanda maýa goýumlary çekmek, işewürler maslahatlaryny geçirmek, nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça gatnaşyklaryň giňeldilmeginiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler.
Mundan başga-da, medeni-ynsanperwer we ylmy hyzmatdaşlygy giňeltmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň dowamynda iki ýurduň Medeniýet günlerini geçirmek barada ylalaşyk gazanyldy.
Gepleşikleriň ahyrynda taraplar yzygiderli esasda geçirilýän duşuşyklaryň ähli ugurlar boýunça Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.
Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň wekiliýeti Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler ministri Abdul Latif bin Raşid Al Zaýani tarapyndan kabul edildi.
Duşuşygyň barşynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň wajyp meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary derejede gurnalýan saparlaryň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin netijeli gural bolup durýandygy nygtaldy. Şeýle hem sebitde howpsuzlygy, durnuklylygy saklamaga we ykdysady ösüşi gazanmaga saldamly goşant goşýan Türkmenistanyň bitaraplyk derejesine esaslanýan ýurduň daşary syýasy işleriniň ähmiýeti barada bellenildi.