Gon­kong şä­he­ri­niň sim­wol­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «Jum­bo» at­ly ýüz­ýän res­to­ran 50 ýyl­dan soň du­ran por­tun­dan aý­ryl­dy. Daş­ky şe­ki­li gä­mä meňzeş bolmadyk, ga­dy­my hy­taý bi­na­gär­lik ähe­ňin­de gur­lan gä­mi şä­he­riň sy­ýa­hat­çy­la­ry­nyň iň köp bar­ýan ýer­le­ri­niň bi­ri­di. 2 müň 300 orun­lyk res­to­ran­da hä­zi­re çen­li on­lar­ça film hem su­ra­ta dü­şü­ril­di. Bu gä­mi dün­ýä­niň bel­li sy­ýa­sat­çy­la­ry­ny, meş­hur akt­ýor­la­ry­ny hem myh­man alyp­dy. Mun­dan ozal gä­mä eýe­çi­lik ed­ýän «Melco» hal­ka­ra ösüş kom­pa­ni­ýa­sy gä­mi­niň res­to­ran üçin rug­sat­na­ma­sy­nyň ta­mam­lan­ýan­dy­gy­ny, şol se­bäp­li baş­ga bir por­ta äki­dil­jek­di­gi­ni mä­lim edip­di. 1976-njy ýyl­da hyz­ma­ta hö­dür­le­nen gä­mi şä­he­riň ýo­ka­ry de­re­je­li res­to­ran­la­ry­nyň il­kin­ji­le­ri­niň ha­ta­ry­na go­şu­lyp­dy. Min di­nas­ti­ýa­sy­nyň sim­wol­la­ry­nyň bi­ri bo­lan «až­dar­ha tag­ty» bi­len be­ze­len gä­mi­ni gur­mak üçin 30 mil­li­on gon­kong dol­lar (3,8 mil­li­on ame­ri­kan dol­la­ry) sarp edi­lip­di. Gä­mi­niň baş­ga ýe­re äkidil­jek­di­gi­ni eşi­den­ler ony soňky gezek görmek üçin bar­dy­lar.

Oguljeren RAHMANOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.