BRIKS ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýet we da­şa­ry söw­da mi­nistr­le­ri san­ly yk­dy­sa­dy­ýet, söw­da pu­da­gy­na ma­ýa go­ýum­la­ry we dur­nuk­ly ösüş, üp­jün­çi­lik zyn­jyr­la­ry we köp­ta­rap­la­ýyn söw­da me­ha­nizm­le­ri ýa­ly ugur­lar­da hyz­mat­daş­ly­gy ber­kit­mek ba­ra­da yla­laş­dy­lar. Bu ba­ra­da Hy­ta­ýyň Söw­da mi­nistr­li­gin­de ha­bar be­ril­di.
BRIKS ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýet we da­şa­ry söw­da mi­nistr­le­ri­niň san­ly ul­gam ar­ka­ly ge­çi­ri­len 12-nji mas­la­ha­ty­nyň ne­ti­je­sin­de, bi­le­lik­dä­ki be­ýa­nat tas­syk­lan­dy we 14-nji BRIKS sam­mi­ti­ne taý­ýar­lyk gör­mek üçin de­giş­li ugur­lar bo­ýun­ça bir­nä­çe tek­lip­ler yla­la­şyl­dy.
Du­şu­şy­ga Hy­ta­ýyň Söw­da mi­nist­ri Wang Wen­tao ýol­baş­çy­lyk et­di. BRIKS ýurt­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy­ýet we da­şa­ry söw­da mi­nistr­le­ri, şeý­le hem de­giş­li hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­nyň we­kil­le­ri san­ly ul­gam ar­ka­ly çä­rä gat­naş­dy­lar.
BRIKS to­pa­ry Bra­zi­li­ýa, Rus­si­ýa, Hin­dis­tan we Hy­taý ýa­ly ýurt­la­ryň gat­naş­ma­gyn­da 2009-njy ýyl­da dö­re­dil­di. 2010-njy ýyl­da Gü­nor­ta Af­ri­ka Res­pub­li­ka­sy bu gu­ra­ma go­şul­dy we şon­dan bä­ri tä­ze ag­za­lar bi­len üs­ti dol­du­ryl­ma­dy. BRIKS-e ag­za ýurt­lar dün­ýä ila­ty­nyň 43%-ine deň bo­lup, te­bi­gy baý­lyk­la­ry­nyň uly gor­la­ry Hy­taý we Hin­dis­tan ýa­ly kä­bir ýurt­la­ryň yk­dy­sa­dy ösü­şi üçin uly müm­kin­çi­lik­le­ri dö­red­ýär.