ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden 2024-nji ýylda ikinji möhlete Prezident saýlawlaryna gatnaşmakçy. Bu barada Ak Tamyň metbugat kätibi Karin Žan-Pýer habar berdi. Metbugat kätibi mundan öň hem ýurduň Prezidentiniň bu islegi barada birnäçe gezek aýdandygyny ýatlatdy. 79 ýaşly Jo Baýden ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine 2021-nji ýylyň ýanwarynda girişdi.