Hepdäniň ahyrynda, 18-19-njy iýunda paýtagtymyzyň teatrlarynyň tomaşaçylaryna şu oýunlar garaşýar.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş drama teatry
19.06.2022 «Saňa ‒ ýalan, maňa ‒ çyn» ‒ 19:00
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry
18.06.2022 «Gülki agşamy» ‒ 19:00
19.06.2022 «Gülki agşamy» ‒ 19:00
Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry
18.06.2022 «Söýgi duralgasy» ‒ 19:00
19.06.2022 «Goşa çynar» ‒ 19:00
«Söýgi duralgasy» oýny türkmen dramaturgy Aşyr Mämiliýewiň adybir pýesasy esasynda goýlandyr. Oýnuň temasy maşgala gatnaşyklary, gabanjaňlyk, parasat we kalbyň ýaralaryna melhem bolýan beýik söýgi barada gürrüň berýär.
A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatry
19.06.2022 «Aladdin we jadyly çyra» ‒ 11:00; 13:00
19.06.2022 «Oýlap tapyjy magşuk» ‒ 19:00
Ispan dramaturgy Lope de Weganyň joşguna doly bu komediýasy goňşusyna aşyk bolup, bagty üçin ähli zada taýyn Fenis atly gyz hakda gürrüň berer. Täzeden işlenen komediýany ýaş aktýorlar ýerine ýetirýär.
Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky Talyplar teatry
18.06.2022 «Gülki agşamy» ‒ 19:00
Türkmen döwlet gurjak teatry:
18.06.2022 «Towşanjygyn öýi» ‒ 12:00
18.06.2022 «Çagaly öy ‒ bazar» ‒ 19:00
19.06.2022 «Böwenjik» ‒ 12:00
19.06.2022 «Böwenjik» ‒ 17:00
19.06.2022 «Çagaly öy ‒ bazar» ‒ 19:00«Böwenjik» oýny adybir doýmaz-dolmaz «hajymelik» hakyndaky türkmen halk ertekisiniň mazmuny esasynda döredilipdir. Çenini-çakyny bilmän, ýarylýança tapan-tupan zadyny garnyna atýar. Şeýle-de bolsa oýun gowulyk bilen tamamlanýar. Eden etmişine düşünen Böwenjik hemmeler bilen dostlukda we ylalaşykda ýaşamaly diýen netijä gelýär.