Oktýabr aýynyň 21-26-sy aralygynda Türkmen döwlet gurjak teatrynyň döredijilik topary Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde geçirilen «Çodary haýol» atly gurjak teatrlarynyň VIII halkara festiwalyna gatnaşyp, üstünlikli çykyş etdiler.
Ýurdumyzyň döredijilik topary Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitaby esasynda sahnalaşdyrylan «Heňňamlar hekaýaty» atly sahna eseri bilen gatnaşdylar. Bu sahna eserinde parahatçylyk, agzybirlik, dostluk, ynsanperwerlik ýaly ruhy ýörelgelerimiz gurjak teatrynyň özboluşly çeper tilsimleri arkaly beýan edilýär. Sahnada pederlerimiz tarapyndan türkmen mertebesi we ajaýyp milli başgaby bolan türkmen telpeginiň äpet keşbi janlandyrylýar hem-de soňraky wakalar hut milli gymmatlyklarymyzyň ähmiýetini dabaralandyrmak bilen bagly wakalar bilen utgaşyklylykda dowam edýär. Sahnada dana ata öz perzendine suwa sarpa goýmakda hem ony tygşytly ulanmakda pederlerimiziň «Suw damjasy altyn dänesi» pähimine uýmagy, men-menlik etmezligi, dostluga wepaly bolmagy wesýet edýär. Mahlasy, bu spektaklda durmuş tejribeleri hem heňňamlaryň-döwürleriň döreden durmuş sapaklary, pederlerimiziň pähim-parasatly ündewleri çeper hekaýata öwrülip sahna dilinde tomaşaça ýetirilýär.
Bu halkara gurjak teatr festiwalynda Türkmenistandan, Russiýa Federasiýasyndan, Özbegistan Respublikasyndan hem-de Täjigistan Respublikasyndan gurjak teatr toparlarynyň birnäçesi sahna oýunlaryny görkezdiler. Festiwalyň çäginde teatr artistleriniň arasynda, sungatda gazanylýan üstünlikleri we öňdebaryjy tejribeler, hususan-da gurjaklary ýasamakdaky täze tehnologiýalar boýunça tejribeleri alyşmak boýunça ussatlyk sapaklary hem guraldy. Ussatlaryň gatnaşmagynda ýaş artistler bilen sungat sapaklary, amaly maslahatlary hem geçirildi.
Türkmen döwlet gurjak teatry üstünlikli çykyş edendigi üçin, halkara festiwalynyň Diplomyna hem-de Kubogyna mynasyp boldular.
Çeşme: medeniyet.gov.tm
PDF








