Her ýylyň maý aýynyň 8-inde Halkara baýramçylyklaryň biri bolan Eneler güni bellenilip geçirilýär. Bu baýramçylyk köp medeniýetlerde irki döwürlerden bäri bellenilip gelinýär. 1600-nji ýyldan başlap Angliýada eneleriň baýramyny bellemek däbi peýda bolup başlaýar. Däbä görä adamlar şol gün ene-atalarynyňka görme-görşe gidipdirler. 1907-nji ýylda amerikaly Anna Wisarwis eneleri hormatlamak üçin döwlet edaralaryna, kanun çykaryjy guramalara, görnükli adamlara ýylda bir gün enelere hormat goýmagy teklip edip hat ýazýar. Onuň edýän tagallalary netije berýär. Şondan soňra ABŞ-da 1910-njy ýylyň 8-nji maýyny Halkara eneler güni diýip yglan edilýär. 1912-nji ýylda Halkara eneler güni bileleşigi döredildi.

Eneleriň gözelligini şahyrlar goşgularynda, suratkeşler suratlarynda, sungat işgärleri öz eserlerinde hemişe beýan edipdirler. Kiçiliginde mähir we söýgi bilen terbiýe berlen çagalar geljekde özlerini bagtly saýýar. Bu gün bolsa çagalar söýgüli enelerini ýadawsyz aladasy, sabyrlylygy, wepalylygy üçin minnetdarlyk bildirip gutlaýarlar.

Enelerimiz dünýädäki iň mähriban ynsanlardyr!

Batyrowa Oguljemal,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby