Gazagystanyň we Eýranyň Prezidentleri Tähranda iki ýurduň liderleriniň ýygnagynda Gazagystanyň bugdaýynyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň erkin üstaşyr geçirilmegi barada ylalaşdylar.
Taraplar hyzmatdaşlyk memorandumyna gol çekdiler, oňa laýyklykda, Eýran goşmaça tölegler we ýygymlar bolmazdan, Gazagystandan ugradylan bugdaýyň we beýleki oba hojalyk önümleriniň öz çäginden geçmegini üpjün eder. Beýanata görä, amatly baha we tizlik bilen harytlaryň üstaşyr geçirilmegi üpjün ediler. Şeýle hem Gazagystan, oba hojalygyna degişli Eýranyň ýüklerine goldaw bermegi öz üstüne alýar.
Oba hojalygy önümleri bilen baglanyşykly meseleleri çözmek üçin iki ýurduň bilelikdäki iş toparyny döretmek meýilleşdirilýär. 19-njy iýunda Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Eýran Yslam Respublikasyna resmi sapary wagtynda Eýranyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşdy.