Boks boýunça agyr agramyň iki ägirdi – britaniýaly Antoni Joşua bilen ukrainaly Aleksandr Usygyň arasyndaky haklaşyk tutluşygyň geçiriljek wagty mälim edildi. Gyzyl deňizdäki gazap ady bilen guraljak duşuşykda şu ýylyň 20-nji awgustynda Saud Arabystanynyň Jidde şäherindäki “Super Dome” arenada geçiriler. Iki boksçy geçen ýylyň sentýabrynda duşuşyp, 35 ýaşyndaky Usyk WBA-nyň, WBO-nyň, IBF-niň hem-de IBO-nyň çempionlyk guşaklary ugrundaky bu tutluşykda ýeňiş gazanypdy. Usyk karýerasy boýunça geçiren 19 duşuşygynda ýeňiş gazanmagy başardy.
32 ýaşyndaky Joşua bolsa 26 gezek ringe çykyp, şolarda 2 gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ol 2019-njy ýylda meksikaly Endi Ruiz Juniordan ýeňlipdi. Haklaşyk duşuşygynda garşydaşyny ýeňip, guşaklaryny yzyna alan Joşuanyň 2-nji ýeňlişi Usyk bilen bolan duşuşykda hasaba alyndy.