Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri hormatly Prezidentimiziň ulag syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýän döwri hökmünde täze taryhymyzda şöhratly orun eýelär. Bu günki günde gadymy “Ýüpek ýoly” transmilli awtomobil, demir we howa ýollary görnüşinde gaýtadan dikeldilýär. Bu ýollar üstaşyr ýük daşalýan ýollaryň artmagyny, yklymda daşary ykdysady gatnaşyklaryň berkidilmegini üpjün edýär. Şeýle halkara ýollaryň döredilmegi medeni we syýahatçylyk gatnaşyklarynyň giňelmegine hem täsir edýär.
BMG-niň Hazar we Gara deňizleriniň, Orta Aziýa bilen Ýakyn Gündogaryň arasyndaky ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň öwrenilmegini nazarlaýan ulag ulgamynyň ösüşi boýunça Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak döwrüň möhüm wezipeleriniň birine öwrüldi. Bu ugurda Gahryman Prezidentimiziň başlangyjy bilen öňe sürlen hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň halkara hyzmatdaşlygynda we durnukly ösüşde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny hakyndaky iki gezek kabul edilen Rezolýusiýalary uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistanyň daşary ykdysady syýasatynyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri ýurdumyzy Merkezi Aziýanyň ulag giňişliginiň Demirgazyk-Günorta we Gündogar-Günbatar ugurlarynda üstaşyr ulag halkasyna öwürmek bilen baglanyşyklydyr. Şunda Demirgazyk-Günorta ugur ýük akymlarynyň Demirgazyk Ýewropadan Pars aýlagyna, Gündogar-Günbatar ugur bolsa, Günorta we Merkezi Ýewropadan Günorta we Günorta-Gündogar Aziýa ýurtlaryna hem-de Hytaýa ýükleriň üstaşyr geçirilmegini üpjün edýär. Gara deňiz we Baltika sebitleriniň, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýanyň, Ýakyn Gündogaryň hem-de Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň deňiz terminallaryna çykmak arkaly kontinental Ýewraziýanyň giňişligini öz içine alýan ulag gatnawlarynyň köp şahaly, toplumlaýyn, utgaşykly düzümini gurmak şu günüň möhüm wezipesidir.
“Demirgazyk-Günorta” ulag geçelgesiniň gündogar şahasyny ösdürmegiň çäklerinde Gazagystany, Türkmenistany we Eýrany bitewi ulag ulgamyna birikdirýän demir ýoluň gurlup, ulanylmaga berilmeginiň sebitleýin ähmiýeti örän uludyr. Bu demir ýol, birinjiden, onuň gurluşygyna gatnaşýan ýurtlaryň Pars aýlagyna çykmagyny üpjün etmek bilen bir hatarda, Ýewropadan Merkezi Aziýa uzaýan ýoluň gysgaldylmagyna hem ýardam berýär. Ikinjiden, demir ýol ulaglarynyň ösdürilmegi türkmen döwletiniň beýleki ýurtlaryň demir ýol ulgamlaryna bagly bolmak zerurlygyny aradan aýyrýar. Hut şu maksat bilen TRASEKA, “Demirgazyk-Günorta” transmilli demir ýol geçitleri gurulýar. Üçünjiden, demir ýollarynyň köp ugurlar boýunça ösdürilmegi, olaryň döwrebaplaşdyrylmagy we dünýä ülňülerine laýyklykda gurluşygynyň alnyp barylmagy ýurdumyzyň üstaşyr ulag geçirijilik mümkinçiliklerini artdyrýar.
Türkmenistan milli derejede eýýäm ulag düzümini döretmegiň, ösdürmegiň we döwrebaplaşdyrmagyň giň möçberli maksatnamasyny durmuşa geçirmäge girişdi. Ýurdumyzda awtomobil ýollarynyň, ýol aýrytlarynyň, köprüleriň gurluşygy çalt depginlerde alnyp barylýar. Nesip bolsa, ýakyn wagtda Amyderýanyň üstünden geçýän sebitdäki iri awtomobil we demir ýol köprüleri hem ulanmaga berler. Bu köprüler Özbegistanyň we Türkmenistanyň ulag ýollaryny birleşdirer, iki ugurda hem ulag akymlarynyň hereketini ep-esli çaltlandyrar.
Şoňa görä-de, Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde sebitde iri halkara taslamalaryň birnäçesini amala aşyrýar. Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýoly ýylda 10-12 million tonna ýüküň daşalmagyny üpjün etmäge ukyplydyr. Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demir ýolunyň birinji nobatdakysynyň açylmagy Aziýa halkara demir ýol ulag geçelgesiniň döredilmegine badalga berdi. Bu geçelge taslama gatnaşýan ýurtlaryň, şeýle hem Gyrgyzystanyň çägi boýunça geçip, Hytaýyň köp şahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen, Aziýa-Ýuwaş ummany sebitiniň bazarlaryna çykar.
Aşgabadyň iň häzirki zaman Halkara howa menziliniň gurluşygynyň tamamlanmagy bu taslamalaryň ajaýyp üstünligidir. Türkmenistanyň esasy “howa derwezesine”, yklym we yklymara howa ýollarynda iri üstaşyryjy nokada öwrülýän bu Halkara howa menzili sagatda 1 müň 600 ýolagça hyzmat etmäge ukyplydyr. Şol birwagtyň özünde howa menzili islendik kysymly uçary kabul edip bilýär.
Ýurtda deňiz ulag ulgamy hem ösdürilýär. Türkmenbaşynyň halkara deňiz porty Hazar, Gara, Baltika deňizleriniň kenarýaka ýurtlary bilen deňiz-derýa ýol gatnaşygyny has-da pugtalandyrar. Bu strategik ähmiýetli desga Türkmenistanyň sebitiň eksport-import logistika ulgamyna uly goşandy bolar. Multimodal logistika toplumy konteýner ýüklerini saklamak we toplumlaýyn işläp taýýarlamak boýunça hyzmatlary amala aşyrar, ol ýükler uçarlar, awtomobil we demir ýol ulag serişdeleri arkaly bu ýere getiriler, olary suw ulagyna ýüklemek we düşürmek işleri ýerine ýetiriler. Täze portuň her ýyldaky geçirijilik ukyby 17-18 million tonna deňdir. Duralga zolagynyň uzynlygy 3,8 müň metre barabar boljak portda her ýylda ýolagçylaryň 300 müňüsine, 75 müň treýlere, konteýnerleriň hem 400 ýüz müňüsine hyzmat ediler. Bu uly tutumly işleriň hemmesi Gahryman Arkadagymyzyň il-ýurt bähbitli ägirt uly tagallalarynyň netijesidir.
Jemal HUDAÝBERDIÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.