Şu gün Mary şäherindäki «Ruhyýet» köşgünde Medeniýet hepdeliginiň açylyş dabarasy boldy.  Çärä ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.

Dabara «Ruhyýet» köşgüniň öňünde şekillendiriş we amaly-haşam sungaty eserleriniň, muzeý gymmatlyklarynyň, türkmen milli saz gurallarynyň, kitap we neşir önümleriniň sergi bilen badalga berildi. Hepdelik şu gün öz işini «Mary» myhmanhanasynda geçiriljek «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara hyzmatdaşlygyndaky orny» atly wideoaragatnaşyk arkaly halkara media forumy, welaýat kitaphanasynda döredijilik işgärleriniň we şahyrlaryň gatnaşmaklarynda «Arkadagyň dowamaty dowamdyr» atly iş maslahaty we şygryýet agşamy, Kemine adyndaky döwlet drama teatrynda wäşileriň çykyşy hem-de «Türkmeniň ak öýi» binasynda Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň medeniýet-sungat ussatlarynyň konserti bilen dowam etdirer.