23-nji iýunda Aşgabatdaky «Ýyldyz» otelinde «Uglewodorod çeşmelerini çykarmagyň daşky gurşawa täsiri» atly Halkara forumy geçiriler.

Forumyň guramaçylary bolup, «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri hem-de «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Turkmen Forum» we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär diýlip, OGT-2022-niň maksatnamasynda mälim edilýär.

Forumyň mejlislerinde “Uglewodorodlar gaýtadan işlenilende daşky gurşawa ýetirýän täsiri we täze eýýamyň energiýasyna geçiş”, “Wodorod – geljegiň ýangyjy”, “Metanyň we kömürturşy gazynyň howa goýberilmeginiň azaldylmagy” we “Ekologiýany maliýeleşdirmekde täze mümkinçilikler” ýaly mowzuklar ara alnyp maslahatlaşylar.