Soňky ýyllarda awtomatlaşdyrylan tehnologiýalar, esasan, senagatda has köp ulanylýar. “ABB Robotics” kompaniýasy bolsa, awtoulaglary bir kemsiz reňkläp bilen roboty işläp taýýarlady. Ýokary bu enjamy döretmek üçin kompaniýa hindistanly Adwait Kolarkar we merkezi edarasy Dubaýda ýerleşýän “Illusorr” dizaýn şereketi bilen hyzmatdaşlyk etdi. Robot senagatda ulanylýan robotyň ösdürilmegi bilen döredildi. Kompaniýa ulag bu robot arkaly reňklenende, has suwy, reňk serişdesini we energiýany tygşytlap bolýandygyny mälim edýär. Robot reňki örän ýakyndan pürküp, onuň daş-töwerege syçramagynyň hem öňüni alýar. Şeýle hem kompaniýanyň hünärmenleri bu robotyň ulagy adatdakydan iki esse az wagtda reňkleýändigini habar berýär.

Haknazar Hapyzow, Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby