Şu gün paýtagtymyzda­ky «Ýyl­dyz» myhmanhanasynda «Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni çy­kar­ma­gyň eko­lo­gi­ýa jäht­le­ri» at­ly Hal­ka­ra yl­my mas­la­hat ge­çi­ril­ýär. Hal­ka­ra fo­ru­myň gu­ra­ma­çy­la­ry hök­mün­de «Türk­men­gaz», «Türk­men­ne­bit» döw­let kon­sern­le­ri hem-de «Türk­men­geo­lo­gi­ýa» döw­let kor­po­ra­si­ýa­sy «Turk­men Fo­rum» we «Gaff­neyCli­ne» bri­tan kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk­da çy­kyş e­dýärler.

Ada­ty hem-de on­laýn ter­tip­de ge­çi­ri­lýän yl­my mas­la­ha­tyň mej­lis­le­rin­de dür­li hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­na we dün­ýä­niň öň­de­ba­ry­jy ne­bit­gaz kom­pa­ni­ýa­la­ry­na we­kil­çi­lik ed­ýän otuzdan gow­rak adam çy­kyş e­dýär. Ola­ryň ara­syn­da mil­li we da­şa­ry ýurt ne­bit­gaz kom­pa­ni­ýa­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry, ener­ge­ti­ka gu­ra­ma­la­ry­nyň ýo­ka­ry de­re­je­li we­kil­le­ri, şeý­le hem mil­li we hal­ka­ra ins­ti­tut­la­ryň we yl­my-bar­lag mer­kez­le­ri­niň we­kil­le­ri bar.

Forumyň mej­lis­le­ri «Ug­le­wo­do­rod se­riş­de­le­ri­ni öz­leş­dir­me­giň eko­lo­gik ta­rap­la­ry we tä­ze döw­rüň ener­gi­ýa­sy­na ge­çiş», «Wo­do­rod – gel­je­giň ýan­gy­jy», «Zy­ňyn­dy­la­ry do­ly aýyr­mak we mo­ne­ta­za­si­ýa üçin me­tan we ug­le­rod zy­ňyn­dy­la­ry­ny azalt­mak», «Eko­lo­gi­ýa we ho­wa bo­ýun­ça ma­li­ýe­leş­dir­me­giň tä­ze müm­kin­çi­lik­le­ri hem aras­sa ener­gi­ýa­ny ös­dür­mek­dä­ki baş­lan­gyç­lar» ady bi­len ge­çi­ri­lip, edilen çykyşlarda bu ugur­da iş alyp bar­ýan bi­ler­men­ler de­giş­li mow­zuk­lar­da mag­lu­mat ber­ýärler.
Mas­la­ha­tyň gu­ra­ma­çy­la­ry ýurdumyzyň ne­bit­gaz top­lu­my­nyň öňün­de du­ran eko­lo­gi­ýa me­se­le­le­ri­ni mas­la­hat­laş­mak, iri ne­bit­gaz ins­ti­tut­la­ry­ bilen daş­ky gur­şa­w boýunça iş alyp barýan hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­ň ara­syn­da hyz­mat­daş­ly­gy­ ber­kit­mek mak­sa­dy bi­len bu çä­rä­ni her ýyl­da ge­çir­megi me­ýil­leş­di­r­ýärler.