Mary welaýatynda geçirilýän Medeniýet hepdeligi – 2022-niň çäklerinde türkmen kino işgärleriniň täze ekran eserleriniň  görkezilişi guralar. Medeniýet öýünde Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň döredijilik topary täze filmleri tomaşaçylara hödürlär hem-de kino işgärleri bilen duşuşyklar, artistleriň kino düşenlerinde ulanan serişdeleridir geýen egin-eşikleriniň sergisi guralar.

Türkmen kinematografiýaçylary şu ýyl doly göwrümli we gysga göwrümli filmleriň birnäçesini surata düşürdiler. Surata düşürmek işleri ýurdumyzyň dürli ýerlerinde geçirildi. Mysal üçin, Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» atly filminiň köp bölegi Nohurda, Ýerbentde hem-de Türkmenistanyň beýleki ajaýyp tebigy künjeklerinde surata düşürildi.

Medeniýet hepdeligi – 2022-niň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar Wepa Işangulyýewiň «Çapar» atly täze taryhy kinofilmine hem tomaşa ederler. Filmde XVIII asyryň wakalary suratlandyrylýar.

Batyr Batyrowyň «Hajygolak» kinofilmi şadessanlar we halk rowaýatlary dünýäsine atarar. Wakalaryň esasynda dutar çalmakda ussatlyga eýe bolan ýaş ýigidiň taryhy beýan edilýär. Režissýor Arslan Eýeberdiýew «Istärin» kinofilmini beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyraga bagyşlapdyr.

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde döwürdeşlerimiz barada hem filmler görkeziler. Annadurdy Täşliýewiň «Binýat» atly kinofilmi öz taslamalarynyň üstünde yhlasly işleýän ýaş şäher gurluşykçylarynyň durmuşy barada gürrüň berýär. Läle Esenowanyň «Owaz» atly filmi öý-ojagyň hem-de maşgala gymmatlyklarynyň möhümdigini görkezýär. Myrat Orazowyň «Sähra aýdymy» atly kinofilminde bolsa türkmen tebigatynyň özüne bendi ediji ajaýyp gözelligi beýan ediler.