Köplerine görä, ol Peledir Maradonadan öňde bolup, ähli döwürleriň iň ökde futbolçysy, köplerine görä, ol başga planetadan gelen futbolçy, köplerine görä, tebigy ukyp, talant. Hawa, häzirki zaman futbolynyň super ýyldyzy, futbolyň soňky 20 ýylyna esasy bäsdeşi Kristiano Ronaldo bilen öz tagmasyny goýan, rekordlaryň hökümdary, gollaryň ussady Lionel Messi şu gün 35 ýaşy arka atdy. 1987-nji ýylyň 24-nji iýunynda Buenos Aýresden 300 kilometr daşlykda ýerleşýän, Panara derýasynyň kenaryndaky Rosario şäherinde (Santa Fe welaýaty) dünýä inýär. Doly ady Lionel Andres Messi Kukkitini bolan Messini kakasy Horge Horasio Messi fabrikde, ejesi Selia Mariýa Kukkitini bolsa tämizlikçi bolup işleýärdi. Ol 4 doganyň 3-nji çagasy bolup, Messiniň uly iki erkek dogany (Rodrigo we Matias), birem gyz jigisi (Marisol) bar.

Çagalyk ýyllarynda «Grandoli», soňra «Newell’s Old Boys» toparynyň ýaşlar düzüminde oýnan Lionel Messini ykbal «Barselona» aralaşdyrýar. 2000-nji ýylda katalon klubunyň gapysyndan ilkinji ädimini äden Messi 21 ýyllap bu ýerde çykyş edýär. Klubuň ody bilen girip, küli bilen çykýar. Ol bu klubda ilki çagalar, soňra «C», «B» we ahyrynda-da esasy düzüminde oýnaýar. «Barselona» bilen ilkinji professional çykyşyny 16 ýaşyndaka 2003-nji ýylyň 16-njy noýabrynda «Portonyň» garşysyna geçirýär. 2004-nji ýylyň 16-njy oktýabrynda-da «La Ligada» ilkinji gezek duşuşyk geçirýär («Espanýol»). «La Ligadaky» ilkinji goluny 2005-nji 1-nji maýynda «Albaseteniň» derwezesinden girizýär. Bu başlangyçlar onuň rowaýatynyň ilkinji ädimleri bolýar. Şondan soň 2021-nji ýylyň tomsuna çenli Messi «Barselonada» 778 oýunda 672 gol geçirýär. Super ýyldyz şol döwürde «La Ligada» 10, Çempionlar Ligasynda 4, Ispaniýanyň Şa Kubogy ýaryşynda 7, Ispaniýanyň Super Kubogy bäsleşiginde 7, UEFA Super Kubogy ýaryşynda hem-de FIFA Klublar arasy Dünýä Kubogynda-da 3 gezek ýeňiş gazanýar.

2021-nji ýylyň tomsunda bialaç «Barselonadan» gaýdan Messi häzirki wagtda PSŽ-de çykyş edýär. «Ligue 1»-iň çempionlygyny hem gazanan Messi parižlilerde ilkinji möwsüminde garaşylyşyndan pesräk netije görkezdi.

Messi we “Altyn toplary”.

Geçen ýyl «Altyn top» baýragyny 7-nji gezek eýeläp, öz rekordyny täzelän Messä Argentinanyň ýygyndysynda ahyry kubok götermek başardýar. Kopa Amerikada 3 gezek finalda utulanyndan soň geçen ýyl Argentinanyň 29 ýyllyk suwsuzlygyny diňdirýär hem-de özüniň milli topardaky ilkinji kubogyny gazanýar. 2005-nji ýylda ýaşlar Dünýä çempionatynda, 2008-nji ýylda-da Olimpiýa oýunlarynda altyn medal gazanan Messi 2014-nji ýylda Dünýä Kubogynyň çempionlygynyň bosagasyndan gaýdýar. Messi Argentinanyň ýygyndysynda 162 oýunda 85 gol geçirdi.

Messi maşgalasy bilen.

«La Ligada» 6 gezek ýylyň futbolçysy saýlanan Messi Ispaniýada 8, Ýewropada 6 gezek möwsümiň iň köp gol geçiren futbolçysy bolýar. FIFA-dyr UEFA tarapyndan ençeme gezek ýylyň toparyna saýlanan Messi ýanýoldaşy Antonela Rokkuzzonyň 3 ogullary bar (Tiago, Mateo, Çiro).