DOHA, QATAR - DECEMBER 05: The FIFA World Cup 2022 countdown clock on December 05, 2021 in Doha, Qatar. (Photo by Michael Regan - FIFA/FIFA via Getty Images)

Ýene-de laýyk 150 günden Katarda XX FIFA Dünýä Kubogyna badalga berler. 21-nji noýabrda başlajak çempionat 18-nji dekabrda tamamlanar. Çempionata 32 ýygyndy gatnaşyp, olar 8 toparçada ýaryşarlar. Çempionatyň açylyş duşuşygynda Senegal bilen Niderlandlar duşuşar. Duşuşyk 21-nji noýabrda Aşgabat wagty bilen 15:00-da başlar. Ýer eýeleri Kataryň ýygyndysy bolsa şol gün 21:00-de Ekwadoryň ýygyndysy bilen güýç synanyşar.

Çempionatyň duşuşyklary Aşgabat wagty bilen 15:00-da, 18:00-da, 21:00-da hem-de 00:00-da başlar. Duşuşyklar 5 şäherdäki 8 stadionda oýnalar. Katar Dünýä Kubogyny guraýan iň kiçi ýurt bolmak bilen çäklenmän, eýsem Dünýä Kubogy ilkinji gezek musulman ýurtda geçiriler.