24-nji iýunda geçirilen Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň оrunbasary M.Muhammedow býujet ulgamyny kämilleşdirmek, milli kanunçylyga halkara tejribäni ornaşdyrmak, döwletiň maliýe serişdelerini netijeli ulanmak boýunça görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetini işläp taýýarlamak, 2025-nji ýyldan başlap orta möhletli býujet meýilleşdirilişine geçmek we bu ulgamyň dolandyrylyşyny döwrüň talaplaryna laýyk guramak üçin durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan anyk çäreler barada habar berildi.

«Türkmenistanda býujet işini kämilleşdirmek boýunça çäreler hakynda» Kararyň deslapky taslamasynyň taýýarlanylýandygy barada aýdyldy. Ol ýurduň Býujet kodeksiniň wezipelerini hem-de talaplaryny ýerine ýetirmäge gönükdirilendir. Resminamada Döwlet býujetini 3 ýyllyk möhlet üçin işläp düzmek, onuň ýerine ýetirilişine gözegçiligi berkitmek we býujet ulgamyny dolandyrmagy kämilleşdirmek boýunça çäreleriň toplumy, 2022—2024-nji ýyllarda degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak göz öňünde tutuldy. Şunuň bilen bir hatarda, ýörite döwlet toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak teklip edilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki zaman şertlerinde ykdysadyýeti dogry we sowatly dolandyrmagyň örän möhümdigini, şunuň bilen baglylykda, onuň gurallarynyň biriniň býujet ulgamy bolup durýandygyny belledi. Şu işlerde esasy maliýe resminamasy bolan ýurdumyzyň Döwlet býujetiniň kemala getirilmegine wajyp orun berilýär. Pul akymlaryny dolandyrmagyň güýçli, durnukly ulgamy döwletiň ygtybarly bolmagyna, Watanymyzyň gülläp ösmegine hem-de raýatlaryň hal-ýagdaýynyň ýokarlanmagyna ýardam edýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady hem-de wise-premýere bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.