Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda teatr işini has-da kämilleşdirmek, teatrlaryň döredijilik mümkinçiliklerini artdyrmaga ýardam etmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň 3-nji fewralynda çykaran 2586-njy Кarary bilen tassyklanan teatrlarа “Milli” ýa-da “Akademiki” hukuk derejesini bermegiň tertibine we şertlerine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatryna “Akademiki” hukuk derejesi berildi.