Russiýanyň çig nebitiniň Hindistana importy aprel aýyndan iýun aýyna çenli 50 esse artdy. Häzirki wagtda  Russiýanyň “gara altyny”, Hindistanyň daşary ýurtlardan satyn alýan çig nebitiň 10%-ini emele getirýär. Bu barada hindi hökümetiniň çeşmelerine salgylanyp, “The Economic Times” gazeti habar berýär. 

Neşiriň maglumatlaryna görä, mundan ozal Hindistan ýurda getirilýän ähli nebitiň diňe 0,2%-ini Russiýadan satyn aldy. Satyn alşyň şeýle az mukdary deňiz arkaly daşalýan ýüklere edilýän çykdajylar bilen baglanyşyklydy.

Şeýle-de bolsa, geçen aý Russiýa Saud Arabystanyndan öňe geçip, Yrakdan soň Hindistana ikinji uly nebit iberiji boldy. Hindistan maý aýynda özüniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary üçin, takmynan, 25 million barrel rus nebitini satyn alyp, bu ýurda getirilýän ähli nebitiň ondan bir bölegini emele getirdi. Russiýanyň Hindistana nebit importynyň artmagy, Russiýanyň hödürleýän özüne çekiji bahasy bilen düşündirilýär. Dünýäde energiýa daşamak üçin bahalar ýokarlanan mahaly, Russiýa çig nebitiň bir barreli üçin 30 dollara çenli arzanladyş berdi. ABŞ-dan we Hytaýdan soň dünýäde iň köp nebit sarp ediji bolan Hindistan üçin şeýle teklip diýseň bähbitli boldy diýip, “The Economic Times” neşiri belleýär.