Ýurdumyzyň meşhur artistlerinden, tanymal aktrisa Ene Allanowa 93 ýaşynda aradan çykdy. Halyp şahyr Kerim Gurbannepesowyň mawy ekran üçin ýazan “Ata we ogul” atly meşhur eserindäki keşbi bilen adygan aktrisa 1929-njy ýylyň 28-nji ýanwarynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda dünýä inýär. Çagalyk ýyllarynda ilki kakasyndan, soňra ejesinden jyda düşen Ene Allanowanyň okaýan mekdebine Aşgabatdan ýazyjy-şahyrlar duşuşyga gelýärler. Şolaryň içinde ýazyjy Towşan Esenowa hem bar eken. Şol duşuşykda onuň aýdym aýdyşyny diňläp, oňa göwni ýeten ýazyjy ýaş gyzy öz öýüne alyp gaýdyp, oňa hossar çykypdyr. Ýaşajyk gyzda aýdym-saza bolan ukybyň bardygyna göz ýetiren ýazyjy zenan ony şol wagtky Türkmen radiosynyň ýanyndaky Hor toparyna ýerleşdirýär. Şeýdip ol meşhur aýdymçylar bilen bilelikde işläp başlaýar. Ol diňe bir aýdym aýtmaga däl, eýsem, dürli hereketler bilen keşp döretmäge-de höwesek bolupdyr. Hor toparynyň aýdymçylary oňa: “Sen aýdymçy bolmaly däl-de, drama artisti bolmaly ekeniň” diýer ekenler. Şeýlelikde, onuň özünde-de artist bolmak pikiri döräp başlaýar. Ahyry onuň artist bolmak arzuwam hasyl bolýar.

Ol bir saý-sebäp bilen dogduk mekany bolan Kaka şäherçesine baranda Kakanyň halk teatry “Arşyn mal alan” atly sahna oýnuny sahnalaşdyrmak üçin taýýarlyk görüp ýören eken. Ýöne eserdäki Telliniň keşbini döretmäge adam tapylmandyr. Oýny goýujy režissýor ony synlap: “Ine, Telli, sen wagtynda geldiň” diýip oňa Telliniň keşbini janlandyrmagy ynanypdyr. Şeýdip ol ilkinji gezek dramada öz ukybyny synap görýär.

1949-njy ýyl onuň üçin ýatdan çykmajak ýyl bolýar. Ony Aşgabada öňki Mollanepes adyndaky drama teatryna işe çagyrýarlar. Ol teatryň sahnasynda ençeme ýyllap halypa artistler, sahna ussatlary Aman Gulmämmedow, Sona we Suraý Myradowalar bilen egin-egne berip döredijilikli zähmet çekýär. Olardan tälim alyp, teatr sungatynyň inçe tilsimlerini öwrenýär. Ol Mollanepes teatrynda işlän ýyllarym meniň üçin iň uly mekdep boldy diýip, ýaşlyk ýyllaryny ýatlaýar.

Ene Allanowa Mollanepes teatrynda işlän ýyllary birnäçe spektakllarda ýatdan çykmajak, halkyň aňynda galan keşpleri döretdi. Olardan “Zor aýakdan doktor bolan” atly sahna oýnunda Martinanyň, “Keýmir körde” Leýliniň, “Keminede” Hallygözeliň keşpleri öwgä mynasyp keşpler bolupdyr. 1955-nji ýylda Ene Allanowanyň zehinine Moskwaly tomaşaçylar hem şowhunly el çarpýarlar. Şol ýyl Türkmen edebiýatynyň we sungatynyň Moskwada geçirilen on günlüginde Ene daýza Şekspiriň meşhur “Otellasynda” sygan gyzy Býankanyň, Gogolyň “Derňewçisinde” ofiseriň aýalynyň, Güseýin Muhtarowyň “Allan aganyň maşgalasy” atly eseri boýunça sahnalaşdyrylan spektaklynda bolsa Ýazgülüň keşplerini janlandyrýar. Bulardan başga-da, onuň “Baý we Batrakdaky” Hanzadasy, “Öýlenmekdäki” Fýoklasy, “Ogul takdyryndaky” Bossany, “Parižli giýewdäki” Pelorensi, “Syrly gedaýdaky” Pabikasy, “Satylan düýşdäki” Söwdagär aýaly, “Tawusdaky” Sadaby, “Ömrümiň örkündäki” Dursuny, “Taýçanakdaky” Garlawajy, “Söýmedige süýkenmedäki” Baýyň aýaly ýaly keşpler hiç kimiň gaýtalap bilmejek keşpleri bolup galdy. Ene Allanowanyň teatr we kino sungatynda bitiren hyzmatlary göz öňünde tutulyp Türkmenistanyň at gazanan artisti, Türkmenistanyň halk artisti diýen hormatly atlar dakylýar.